Eýran Ysraýyl bilen hyzmatdaşlykda aýyplap, dört adamy ölüme höküm etdi
Eýran, Ysraýyl bilen işleşmekde aýyplap, dört adamy ölüm jezasyna höküm etdi. Bu barada ýarym-resmi Mehr habar gullugy maglumat berýär.
30-njy noýabrda çap bolan habara görä, bu adamlar Eýranda Ysraýylyň “Mossad” gizlin gullugy bilen hyzmatdaşlykda adamlary sorag etmekde aýyplanyp, iýunda saklanypdyrlar.
Eýranyň Ýokary adalat sudy bu iş bilen bagly ýene üç adama bäş ýyldan on ýyla çenli türme tussaglygyny berdi.
Höküm çykarylan adamlar “ýurduň howpsuzlygyna garşy hereket etmek”, adam gaçyrmak we ýaraglary saklamak ýaly aýyplamalarda günäli tapyldylar.