Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Adamlary gahar-gazaba ýetirmegiň çägi. Hytaýdaky protestleriň gerimi

Adamlary gahar-gazaba ýetirmegiň çägi. Hytaýdaky protestleriň gerimi

Hytaý häkimiýetleri umumy milli protestleriň duýdansyz ägirt uly tolkunyna henizem hötde gelip bilmeýärler. Ilkibaşda ol  "Kowid-19-a" garşy girizilen resmi "boş çydamlylyk" syýasatynyň üýtgedilmeginiň talap edilmegi hökmünde başlandy. Häzir bolsa köp şäherlerde hökümete garşy aç-açan demonstrasiýalara öwrüldi we Hytaý kompartiýasyna, hususan-da onuň ýolbaşçysy Si Jinpinge garşy şygarlary öňe sürýärler. Görnüşi ýaly, Hytaý Kommunistik partiýasynyň ýokary ýolbaşçylary protestçilere garşy ýowuz repressiýany ulanmaga taýyndygyna garamazdan, aljyraňňylyga düşdüler – Pekin beýle ýagdaýa asla garaşmaýardy.

Hytaý häkimiýetleri howpsuzlyk çärelerini gaýta-gaýta güýçlendirip, Şanhaýdan başlap, Guançžou şäherine çenli, ägirt güýçli we garaşylmaýan berk demonstrasiýalar geçýän ýerlerine, iş ýüzünde 14 şäherde köçeleri ýapdylar. Ol ýerlerdäki demonstrasiýalar Si Jinpingiň hökümetine güýçli garşylyk görkezdi. Hatda käbir demonstrantçylar onuň wezipesinden çekilmegini açyk talap etdiler. HKP-e garşy protestiň nyşany bolan we köpçülikleýin senzura, bir zady açyk aýtmak ýa-da "howply beýan etmelere" garşy, indi bütin ýurt boýunça demonstrantlar ak kagyzlary ellerine tutýarlar.

1-nji dekabrda HHR-niň häkimiýetleri Şanhaýyň we Guançžounyň käbir ýerlerinde "boş kowid" syýasatynyň biraz ýeňilleşdirilýändigini yglan etdiler. Mundan öň protest tolgunyşygynyň başlanan ýeri Urumçy şäherinde, karantin çäreleri bölekleýin ýatyryldy.

Hytaýyň senzura apparaty göräýmäge, öz-özünden dünýäde iň güýçli we kämil saýylyp gelindi, ol mydama sosial ulgamlarda protestleriň möçberini we hökümete garşy gahar-gazaplary görkezýän san-sajaksyz habarlary gözden geçirmäge we öçürmäge çalyşýardy. Muňa garamazdan, ýerli habarlaşyk çäklerinde, ýörişleriň, ýygnanyşyklaryň we beýleki garşy durmalaryň täze wideolary peýda bolmagyny dowam etdirýär. Douyin gysga wideo paýlaşma programmasyna derek WeChat programmasy we onuň ulgamyny (aslynda Tik-Tok bilen deň programma, emma olar Hytaýyň senzura çäklendirmeleri boýunça örän dürli serwerlerde işleýärler) ulanýarlar.

Hytaý 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda, Wuhanda girizilen örän berk umumy karantinden bäri COVID-19-yň islendik dörän ojagynda, kowide garşy göreşmek üçin, berk ýapyklyk çäresini giňden ulanýar. Berk ýapyklyk çäresi ýygy-ýygydan girizilende, ol uzak wagtlyk hem maksatsyz bolanda, adamlaryň gaharyny güýçlendirip başladylar. Ýapyklyk netijesinde döreýän gündelik azyk-iýmit ýetmezçiliginiň giňden ýaýramagy, ägirt uly işsizlik, wagtlaýyn keselhanalarda ýagdaýyň ýaramazlaşmagy sebäpli, millionlarça hytaýlylaryň nägileligi artyp, bu ýagdaý Sina Weibo, şeýle hem WeChat ýaly hytaý sosial ulgamlarynda ýaýradylýar.

Günorta Guançžou şäherinden alnan suratlar demonstrantlaryň jemgyýetçilik tertibini goraýjy polisiýa işgärlerine çüýşe zyňýandygyny görkezýär. Noýabr aýynyň başynda, Guançžou şäherinde ýapyk düzgün täzeden girizilende, şäheriň etraplarynyň biri bolan Haýçžuda, ýaşaýjylar gijelerine köçelere çykyp, metal päsgelçilikleriň üstünde durup, karantiniň bes edilmegini talap etdiler. Şäheriň bu böleginde ýurduň jümmüşinden gelen sansyz köp işçi-migrantlar ýaşaýar, olar "boş çydamlylyk" syýasaty sebäpli işsiz gadylar. Internetde ýaýradylan wideo şekillerde Guançžou şäheriniň ýaşaýjylary hem "COVID-19" barlaglary üçin, sagatlap nobata durmaklygy, täze we arzan azyk önümlerini satyn almaga mümkinçiligiň bolmazlygy, ýerli häkimiýetleriň goldawynyň ýokdugy ýaly ýagdaýlary tankyt edýärler.

Başga bir wideoda bolsa, Çžençžou şäherinde, adamlar köçede ýaňsylaýjy äheň bilen watançylyk aýdymyny aýdýarlar. Bu ýerde polisiýanyň uly fabrikleriň biriniň işgärlerini nädip urýandygy, köçelere çykýan protestçilere dürre we metal taýaklar bilen garşylyk görkezýäni, olaryň bolsa çüýşe we daş zyňyp, polisiýa maşynlaryny yzyna gaýtarýandygy görkezilýär.

Başga bir wideoda, Çyngsing şäherinde protestçiler boş kagyzlary tutup, köplük bolup aýdym aýdýarlar. Başga wideoda bir adam öz ýaşaýan mähellesinde, köpçüligiň el çarpmalary astynda: "Maňa azatlyk beriň ýa-da maňa ölüm beriň!" diýip çykyş edýär. Polisiýa işgärleri ony tussag etjek bolanda, köpçülik ony goraýar, ýöne ahyry ony tussag edýärler. Bu adam internet ulgamynda "Çyngsingiň gahrymany" diýlip atlandyryldy. Senzura garamazdan, onuň bu wideodan aýdan sözi örän giňden ýaýrady, meselem, "dünýäde diňe bir kesel bar, ol bolsa şol bir wagtyň özünde, garyplyk hem azatlygyň bolmazlygydyr – indi bizde ol hem beýlekisi bar".

Köpçülige ýaýradylan dördünji bir wideoda, ýas tutýanlar 24-nji noýabrda Urumçy şäherinde bolan ýangyndan ejir çeken 10 adamyň hatyrasyna şem ýakýandygy görkezilýär. Ol waka protest tolkunlarynyň başlanmagyna sebäp bolup hyzmat etdi. Urumçyda ýangyn bolanda, karantin üçin ýapyk jaýda ýaşaýan adamlar çykyp bilmändirler. Ot töweregi gaplap alanda, polisiýa tarapyndan daşyndan gulplanan gapylar, şeýle hem ýangyn söndürijiler ýapyk ýollar sebäpli ol ýere barmak üçin, köp wagt ýitirmeli boldy. Häzirki wagtda paýtagty Urumçy şäheri bolan Hytaýyň Sinjiang-Uýgur awtonom sebiti üç aý bäri berk gabawda saklanýar.

Şeýle wideo rolikleriň aşa köp bolmagy Hytaýda häkimiýetleriň hereketlerinden, halkyň närazylygynyň nähili derejelere baryp ýetendiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem onlarça, belki-de, ýüzlerçe million hytaýlynyň internetdäki hereketlere we senzura goşunyna gözegçiligiň awtomatlaşdyrylan programmasyny ýeňip bilýändigini görkezýär. Hytaýly internet ulanyjylary sosial ulgamlardaky wideo böwetleri mümkin boldugyndan, her dürli ýol bilen böwsüp geçmegi, dürli filtrleri ulanmagy öwrendiler ýa-da "wideo ýazgydan, wideo ýazgy" döretdiler. Şeýle usullar yzarlamak üçin niýetlenen algoritmleri döwüp geçýärler.

"Ussat Li seniň mugallymyň däl" atly şeýle meşhur Twitter hasabynyň biri iki günüň içinde eýýäm 700 müňden gowrak abonent gazandy. Ol hasaby "Li" lakamy bilen tanalýan Italiýada ýaşaýan hytaýly immigrant dolandyrýar (Li iň köp duş gelýän familiýalaryň biri, on, hatda ýüzlerçe million hytaýly şol at bilen tanalýar). Onuň aýtmagyna görä, günde şeýle wideolaryň müňden gowragyny alýar. Onuň Sina Weibo hasaby sensorlar tarapyndan birnäçe gezek yzly-yzyna öçürilensoň, Li mundan bäş aý öň, Twitter’i işjeň ulanyp başlady.

Elbetde, hytaý häkimiýetleriň boş oturmaýandygy belli, olar närazy bolýanlaryň çykyşlaryny togtatmak üçin, dürli tarapdan islendik güýçleri, adatça repressiýa we gözegçilik çärelerini ösdürýär.

1989-njy ýylda Pekin şäherindäki Tianmen meýdançasynda bolup geçen protestlerden soň, ähli hytaý liderleri üçin, öz gezeginde hökümete garşy islendik protestleriň we koordinirlenen ýa-da gözegçiliksiz sosial hereketleriň ýüze çykmagy birinji howp bolup durýar. Olar beýle ýagdaý ýüze çykanda, hemişe öz aýdyşlary ýaly, onuň şaha ýaýmagynyň öňüni almaga taýýar. Şonda adamlar "akyl taýdan hasrat çekmekden gaça durýarlar". Elbetde, gan döküşikli çäre görmek islenmeýär.

HHR-de ähli onlaýn maglumatlaryň mazmunyna gözegçilik işleri ondan gowurak döwlet we partiýanyň organlary tarapyndan amala aşyrylýar. Olaryň iň esasysy HKP-niň Merkezi komitetiniň Propaganda bölümi we onuň bilen hyzmatdaşlyk edýän Radio we telewideniýe işleri boýunça umumy döwlet dolandyryş edarasydyr. Oktýabr aýynyň ahyrynda bolup geçen HKP-niň XX gurultaýynda, özi üçin çäksiz häkimiýeti üstünlikli üpjün eden Si Jinping özüne wepaly täze generallaryň birnäçesini ýokary wezipelere çekmek bilen hukuk goraýjy edaralaryň sanyny has-da artdyrdy. Ýaňy-ýakynda ol "syýasy howpsuzlyk HHR-de milli howpsuzlyk konsepsiýasynyň esaslary bolmalydyr" diýip, ýene-de gaýtalady. 30-njy noýabrda döwlet mediasynyň habar bermegine görä, HHP-niň ýokary howpsuzlyk resmileriniň duşuşygynda, döwlet işgärlerine "jemgyýetçilik tertibini bozýan bikanun we jenaýatçylykly hereketleri gaýduwsyzlyk bilen togtatmak" tabşyryldy.

Şol bir wagtda, HKP-niň ýokary ýolbaşçylary däp bolan düzgüne görä, bolup geçen hiç bir manifest ýa-da garşylyk barada, hiç haçan gös-göni pikir aýtmaýarlar. Muňa derek Kommunistik partiýa on müňlerçe tabyn resmileri we "özlerine wepaly aktiwistleri" öňe sürýärler. Şonuň ýaly-da, olar sosial ulgamlarda garşylyk görkezýänler bilen jedele girip, olary "daşky duşmanlaryň oýnatgylary" hökmünde suratlandyrjak bolýarlar, närazy bolýanlar meýletin ýa-da bilmezlikden "Hytaýyň durnuksyzlaşmagy üçin, Günbatar tagallalaryna" eýerijiler saýylýarlar we “boş kowid” bilen baglanyşykly "ýurduň wepaly syýasatçylarynyň abraýyny peseldijiler” atlandyrýarlar.

Hytaýyň Jemgyýetçilik howpsuzlygy polisiýasynyň ýa-da "Halk polisiýasynyň" hasapda durýan işgärleriniň sany bary-ýogy 2 milliondan azrak. Bu, elbetde, 1,4 milliarddan gowrak ilaty bolan döwlet üçin, beýle köp däl. Emma hökümetde Hytaý Halk Respublikasynyň Ýaragly Güýçleriniň bölegi bolan Halk Ýaragly Polisiýasy hem bar, aslynda olar içerki goşun ýa-da gozgalaňlary togtatmak üçin, ýörite taýýarlanan jeza beriji topar, şeýle hem dürli-dürli garawullaryň we kömekçi polisiýa işgärleriniň toplumlary bar.

Pekin täze pandemiýa çäklendirmeleriniň girizilmegi bilen bir wagtda, soňra erkin hereket azatly bolar ýaly, ähli gartaşan adamlaryň waksinasiýasyny tizleşdirjekdigini habar berdi. Bu hereket HKP-niň häzirki protestleriň düýp sebäbini çözmäge çalyşýandygyny subut edýär. Hytaýyň tutuş ilatynyň 90 göterimi doly waksinasiýa edilipdi, diňe ilatyň 40 göterimi waksinany ikinji gezek aldy.

Hytaý polisiýasy üç ýyla golaý wagt bäri islendik şübhe bildirilen adamlary öýünde gabap goýdy hem olary zerur bolan girdejileri gazanmakdan we satyn almakdan, gündelik iň zerur zatlary gazanmakdan mahrum etdi.

Şu ýylyň noýabr aýynda HHR-niň 80-den gowrak şäherinde täze koronawirusyň ýaýrandygy hasaba alyndy, geçen baharda bolsa şeýle şäherleriň sany bary-ýogy 50-ä golaýdy. Soňra Hytaýyň iň iri senagat we maliýe merkezi bolan Şanhaýda sekiz hepdelik doly karantin girizildi. Netijede, 2022-nji ýylda Hytaýyň ykdysadyýetinde, soňky birnäçe onýyllykda ýyllyk ösüş depgininiň iň haýal görkezijisi hasaba alyndy. Häzirki wagtda iň güýçli protestleriň geçýän 14 sany uly şäheri Hytaýyň umumy ykdysady işiniň ýarysyny öz içine alýar we eksportynyň 90 göterimine barabary olara degişli.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net

Другие проекты от 123ru.net



Архангельск

Портативный ТСД корпоративного класса Saotron RT-T70



VIP

Театр и дети, Культура и Россия: интервью артиста госцирка Бурятии Саяна Дондокова






103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России





Топ 10 новостей последнего часа




Новости России

«СВЯТОЙ ЛЕНИН» ПРАВИТ МИРОМ?! Раскрыт реальный смысл Мавзолея на Красной площади России в Москве.

Собянин поздравил Мишустина с назначением на пост председателя правительства РФ

В Ростов-на-Дону ко Дню Победы благоустроили погост легендарного генерала Михаила Сёмина

Поцарапанному пандой Катюшей киперу подарили футболку с извинениями


Москва

"СВЯТОЙ ЛЕНИН" расшифровал смысл "ДНК В.И. Ленина".






Rss.plus
Moscow.media
Москва

В мэрии Москвы рассказали о новых маршрутах круизных теплоходов



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Black Sabbath

Как бы это звучало, если бы Black Sabbath записали песню Долли Партон (Dolly Parton) "Jolene"?




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

В рамках празднования Дня Победы в Москве пройдет ежегодный турнир среди студенческих футбольных команд «Вызов»

Фитнес прокачивает онлайн // Благодаря чему растет спрос на видеотренировки

4 современных общественных пространства появятся на севере Москвы в 2024 г


ATP

Хачанов победил Шевченко во втором круге турнира ATP в Риме



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Фитнес прокачивает онлайн // Благодаря чему растет спрос на видеотренировки



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России