Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen



Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Mary: Aýazly howada oba ilaty odun ýakyp ýylynýar

Mary: Aýazly howada oba ilaty odun ýakyp ýylynýar

Türkmenistanyň demirgazyk we gündogar sebitlerinde aýazly howa dowam edýärkä, ilat ýylynmakda kynçylyk çekýär. Muňa Mary welaýatynyň demirgazykdaky we gündogardaky obalarynyň aglabasynda hojalyklara goýberilýän gazyň we elektrik energiýasynyň güýjüniň peselmegi sebäp bolýar.

"Welaýatyň daşky obalarynda hojalyklara akdyrylýan gazyň we toguň güýji gaz we elektrik peçlerini ulanmaga hem ýetmeýär. Ilat odun peçleri ulanyp, ýylynmaga çalyşýar. Zordan çaý gaýnadyp bolýar. Ýöne ýaşaýjylar iýjek naharlaryny daşarda odun ýakyp bişirmeli bolýarlar" diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy aýtdy.

Mekdeplerde we çagalar baglarynda otaglaryň sowukdygy sebäpli mugallymlar we terbiýeçiler ene-atalara çagalaryny birnäçe gün öýlerinde alyp galmagy maslahat berýärler.

"Mekdepleriň we çagalar baglarynyň penjirelerine sowukdan goranmak üçin plastik paketler tutuldy. Muňa garamazdan, otaglar buz ýaly. Sebäbi olaryň ýyladyş ulgamlary kadaly işlemeýär. Otaglardaky ýyladyş turbalary buz ýaly. Çagalar üşäp, dümewleýärler" diýip, maryly ene anonimlik şertinde aýtdy.

Käbir resmiler munuň sebäplerini akdyrylýan gazyň güýjüniň pesligi bilen düşündirýärler. Käbirleri bolsa, gaz turbalarynyň juda könedigini, olaryň köp ýyllardan bäri çalşylmaýandygyny aýdýarlar. Bu hem, sowuk howada turbalaryň ýarylmagyna we ýyladyş ulgamynyň hatardan çykmagyna getirýär.

Etrap hassahanalarynda hem näsaglar ýylynmakda kynçylyk çekýärler. Köp hassa öz ýany bilen kiçi elektrik peçleri alyp barýar.

Ýaşaýjylaryň ençemesi gazyň we elektrigiň güýjüniň pesligi barada gaz we prokuratura edaralaryna şikaýat bilen ýüzlendi, ýöne oňyn netije alyp bilmedi. Resmiler bökdençlikleriň sebäplerini hem aç-açan düşündirmeýärler.

Ýöne ýerli gaz edaralaryň käbir işgärleriniň anonimlik şertinde aýtmagyna görä, gazyň güýjüniň peselmegi ýyladyşhanalar bilen baglanyşykly.

"Sowuk howanyň gelmegi we suwlaryň doňmagy bilen, ýyladyşhana eýeleri özleriniň gaz peçlerini köpeldýärler. Olar täze gaz sorujy nasoslary hem oturdyp başladylar. Bu hem hojalyklara akdyrylýan gazyň güýjüniň peselmegine, netijede olaryň gazsyz galmagyna sebäp bolýar. Adatça ýyladyşhanalaryň eýeleri gurply hojalyklar bolup, olar gaz edarasynyň ýolbaşçylaryna para berýärler. Olar hem ýyladyşhanalara çekilýän goşmaça elektrik liniýalaryna, peçlere, nasoslara, turbalara göz ýumýarlar" diýip, gaz edaranyň hünärmeni aýtdy.

Ol çetki obalardaky elektrik geçiriji simleriň aglabasynyň ulanyş möhletiniň geçendigini hem belledi. Köp obada, şol sanda Türkmengala etrabynyň "Zähmet" daýhan birleşiginde günde azyndan 1 sagat tok kesilýär. Muňa simleriň ejizligi sebäp bolýar.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Marynyň gaz we elektrik edaralaryndan kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmen hökümeti her ýylyň güýz paslynda ilatyň ýyladyş meselesini birnäçe gezek maslahat edýär. Muňa garamazdan, ilatyň bu meseleler bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary ýyllarboýy dowam edýär.

"2019-njy ýylda gaz we tok tölegli edilenden soňra, ilatyň bu kynçylyklary çözüler öýtdük. Ýöne bu biziň pikir edenimiz ýaly bolmady. Adamlar hemişeki ýaly sowuk howa bilen özbaşdak göreşmeli bolýarlar. Ýöne gaz we tok töleglerini almaly bolanda, gaz we elektrik edaralarynyň işgärleri gapymyzdan aýrylmaýarlar" diýip, maryly ýaşaýjy aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net

Другие проекты от 123ru.net



Архангельск

В Поморье строительство трех крупных газопроводов общей протяженностью 99 км планируют завершить в 2025 году



VIP

Театр и дети, Культура и Россия: интервью артиста госцирка Бурятии Саяна Дондокова






103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России





Топ 10 новостей последнего часа




Новости России

Эксперты назвали сроки появления вакцины от опасной болезни

Поцарапанному пандой Катюшей киперу подарили футболку с извинениями

В Болгарии начали инвентаризацию запасов НПЗ ЛУКОЙЛ Нефтохим Бургас

Количество креативных кластеров в Москве за 5 лет выросло почти вдвое


Москва

Представители народов Чувашии почтили память погибших в годы Великой Отечественной войны






Rss.plus
Moscow.media
Москва

В мэрии Москвы рассказали о новых маршрутах круизных теплоходов



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Бато Багдаев

В рубрике «Я - артист цирка Бурятии» Саян Дондоков - Театр и дети, Культура и Россия, национальный проект




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Развод на договорных матчах: схемы, риски и пути предотвращения

Фитнес прокачивает онлайн // Благодаря чему растет спрос на видеотренировки

4 современных общественных пространства появятся на севере Москвы в 2024 г


WTA

Стало известно, с кем сыграет Вероника Кудерметова во втором круге турнира WTA-1000 в Риме



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Минск

Лукашенко: великая Победа является главным моментом становления белорусской нации



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России