Mirziýoýewiň ‘başdan başlamagyna’ ýol açýan Konstitusiýa üýtgetmeleri baradaky referendum ýazda geçiriler
2023-nji ýylyň ýazynda Özbegistanyň konstitusiýasyna üýtgetme girizmek boýunça referendum geçirmek meýilleşdirilýär diýip, Azatlygyň Özbek gullugynyň iki çeşmesi biri-birinden habarsyz ýagdaýda maglumat berdi.
Olaryň tassyklamagyna görä, hökümet ses berişlige synçy hökmünde gatnaşjak abraýly myhmanlary çagyrmak üçin günbataryň diplomatik kanallarynyň üsti bilen hereket edýär.
Täze Konstitusiýa kabul edilse, häzirki döwlet baştutany Şawkat Mirziýoýewiň prezidentlik möhletine başdan başlamagyna mümkinçilik dörär we ol prezident saýlawlaryna ýene gatnaşyp biler.
Özbek Senatyna ýakyn bir çeşme hökümetiň indiki ýazda referendum geçirmäge taýýarlanýandygyny habar berdi.
“Referendum mart aýynyň ahyrynda, 2023-nji ýylyň aprel aýynyň başynda, Nowruz baýramyndan soň geçiriler. Häkimiýetler Ýewropa Bileleşiginden, Angliýadan we ABŞ-dan synçy çagyrmagy meýilleşdirýär” diýip, adynyň efirde tutulmazlygyny soran çeşme Azatlyk radiosyna aýtdy.