Eýranda Ýalda festiwalynda hökümete garşy protestler geçirildi
Eýranda protestçiler köçelere çykyp täze demonstrasiýalary geçirdiler we hökümetiň protestleri basyp ýatyrmak çäreleriniň netijesinde heläk bolan pidalaryň hatyrasyny tutdular. Bu günüň iň gysgalan wagtynda öňden bäri bellenilip gelinýän Ýalda milli festiwala gabat geçirildi.
Sosial mediada peýda bolan wideolarda günbatardaky Sanandaj şäherinde protestçileriň köçeleri böwetläp, tekerleri hem ýakyp - ýurduň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Hameneýi göz öňünde tutup - “Diktatora ölüm”, “Hameneýe ölüm” diýip gygyrýan pursatlaryny synlasa boldy.
Eýranda we onuň täsiri bolan sebitlerde bellenilýän bu festiwalyň dowamynda käbir raýatlar merhum ýakynlarynyň mazarlaryna hem aýlandylar.
Bu festiwalyň barşynda, ýagny ýylyň iň uzak we garaňky gijesi döwründe maşgala agzalary we dost-ýarlar bilelikde toplanýar. Bu ýyl munuň ähmiýeti hasam uly boldy. Eýranda ençeme aý bäri protestçiler aýallaryň hak-hukuklary we raýat azatlyklary ugrunda göreşýärler.