Gyrgyzystanda "Azattyk" saýtlarynyň petiklenme möhleti uzaldyldy
Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministrligi Azattyk radiosynyň (Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugy) web sahypalarynyň petiklenmeginiň möhletini uzaltdy.
Bu habary maglumat we köpçülikleýin aragatnaşyk bölüminiň başlygy Salkyn Sarnogoýewa mälim etdi.
Onuň sözlerine görä, web sahypalar häkimiýetleriň kabul eden petiklemek kararyna sebäp bolan material sahypadan aýrylýança petikli bolmagynda galar. Şol bir wagtda, ol kanunyň kadalarynda petiklemek döwrüniň möhletiniň görkezilmeýändigini we gürrüňi edilýän material sahypadan aýrylandan soň, petigiň hem aýryljakdygyny aýtdy.
Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministrligi 26-njy oktýabrda Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugynyň web sahypalaryny iki aýlap petiklemek kararyna geldi.
Bu karara gyrgyz-täjik serhedinde bolan wakalar barada sentýabr aýynyň ortalarynda efire berlen gepleşik sebäp boldy. Gyrgyz häkimiýetleri ol gepleşikde nätakyklyga ýol berlendigini öňe sürýärler.
AÝ/AR-nyň ýolbaşçylary bu çäräni Gyrgyzystanda azat habar serişdeleriniň ýanalmagy we ýurtda demokratiýanyň çäklendirilmegi hökmünde häsiýetlendirdiler.