Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Türkmenbaşyda azyk nobatynda ýakalaşyk boldy, Lebapda dükanlarda we bankomatlarda nobatlar azaldy

Şu günler Türkmenistanda Täze ýyl baýramçylygynyň ýakynlaşmagy azyk söwdasynda-da duýulýar. Geçen ýyllaryň däbine görä, paýtagtda-da, sebitlerde-de bazarlarda dürli harytlaryň depe edilip goýlan emma töwereginde az alyjyly söwda hatarlaryny, şeýle-de daşynda adamlaryň uly nobatlary üýşýän az sanly söwda nokatlaryny görmek bolýar, bu ägirt uly nobatlarda dawa we ýakalaşyk döreýär, polisiýa gatyşmaly bolýar.

Dawaly ýagdaýlaryň biri 27-nji dekabrda irden Türkmenbaşy şäherindäki “Kenar bazarynda" dükanlaryň birinde umytsyz alyjylaryň arasynda döredi. Ýakalaşygy duruzmak üçin diňe bir polisiýa däl, eýsem harbylar hem gatnaşmaly boldy. Bu ýerde azyk önümleriniň käbir görnüşleri subsidirlenen bahalardan satyldy.

"Towuk budlary, pomidor we günebakar ýagy ýaly harytlary satan göçme dükanynyň öňünde başlanan ýakalaşygy duruzmak üçin polisiýa işgärleri ýeterlik bolman, esgerleri hem getirdiler. Ýakalaşyga ýüz töweregi adam gatnaşdy. 10 adam polisiýa äkidildi. Ejir çekenleriň arasynda iki aýal bardy, biri göwreli. Olar tiz kömek ulagynda äkidildi" diýip, Azatlygyň habarçysy şikes alanlaryň we tussag edilenleriň soňky ykbalynyň belli däldigini aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bulaşyklyga sebäp bolan bu gyzgalaňly söwda wagtynda towuk budlary bir kilogramy 16 manatdan; pomidor - bir kilogramy 5 manatdan; alma - 8 manatdan; günebakar ýagy - litri 31 manat we et kilogramy 40-45 manatdan satylypdyr.

Deňeşdirme üçin ýerli bazarlarda towuk budlarynyň täjirçilik bahasy bir kilogramy - 35 manat; alma - 20 manat; pomidor - 20 manat; günebakar ýagy - litri 45 manat; et - 75 manat. Şol bir wagtyň özünde-de, bazarlarda "goşa bahalar" hem saklanyp galýar, ýagny hakyky baha, belgide görkezilen nyrhdan ep-esli ýokary bolýar. Hususan-da, şu günler etiň bahasy 55 manat diýlip görkezilen bolsa-da, ol iş ýüzünde 75 manatdan satylýar.

Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň kursy boýunça 3,5 manat - 1 ABŞ dollary.

Şu günler paýtagtyň we sebit merkezleriniň hemme ýerinde-de azyk bazarlaryndaky ýagdaý birmeňzeş. Reňkli miweler we dürli önümler bilen bezelen bazar bahasyndan söwda edýän dükanlaryň köpüsinde alyjy az. Şol bir bazarlaryň bir burçunda köp alyjynyň üýşen ýerlerini-de görüp bolýar. Bu ýerde önümleriň gaty ujypsyz görnüşiniň satylmagyna garamazdan, alyjylar biraz arzan bahadan azyk satyn almak üçin uly nobatlarda durmaga kaýyl bolýarlar.

"Arzanrak azyk köp adam üçin Täze ýyl saçagyna iň bolmanda bir zatlary ýygnamagyň ýeke-täk usulydyr" diýip, Azatlygyň Türkmenbaşydaky habarçysy belleýär.

Bu aralykda, Türkmenbaşynyň ýaşaýjylary ýurduň özünde öndürilen unuň döwlet dükanlarynda açyk satuwda peýda bolandygyny bilip galdylar. Emma onuň kesgitlenen bahasy bir kilogramy 1,2 manatdan 7,20 manada çykypdyr.

"Alyjylar unuň bahasynyň birden 1,2 manatdan 7 manada çenli haçan ýokarlanandygyna düşünmän galdylar" diýip habarçy belledi.

Unuň täjirçilik bahasy bir kilogramy häzir 18 manat, bu esasan ýokary hilli daşary ýurtlardan import edilýän un.

Azatlygyň beýleki habarçysy hem soňky wagtda döwlet dükanlarynda, hususan-da, Lebap welaýatynda nobatlaryň azalandygy barada habar berdi. Mundan başga-da, ol soňky bir aýyň dowamynda bu sebitdäki bankomatlaryň öňünde adamyň ep-esli azalandygyny aýtdy.

Azatlygyň habarçysy gündogar sebitdäki ýagdaý barada şeýle gürrüň berdi: "Häzirki wagtda bankomatlarda nobat ýok. Raýatlar gije-gündiz bankomatlardan pul alyp bilýärler. Ozal, oktýabr aýynda adamlar pullaryny, aýlyklaryny we pensiýalaryny çekmek üçin irden nobata durýardylar. Günortana çenli pul gutarýardy. Häzirki wagtda bank kartlary bilen internet arkaly hem söwda edip bolýar. Şu wagt diňe otly we uçar biletlerini satyn alyp bolýar".

Bäş ýyl bäri agyr ykdysady krizis şertlerinde ýurduň häkimiýetleri ilatyň aglaba köplüginiň günde ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny görmezlige salýar.

Azyk ýetmezçiligi, bahalarynyň ýokarlanmagy, umumy işsizlik ýaly agyr şertlerde köp ýyl bäri halka goldaw bolan subsidirlenen önümleriň satuwy kem-kemden azaldy, bahalary ýokarlandy. Şol bir wagtyň özünde, köp maşgalanyň iýmit üpjünçiligi hut şu önümlere gönüden-göni garaşly bolmagyna galýar. Ýurduň köp ýaşaýjysy, esasanam oba ýerleriniň ilaty, hatda un paýyna-da birnäçe aýlap garaşmaly bolýarlar, emma şeýle unuň soň hili pes we iýmit üçin asla ýaramsyz bolup çykýan pursatlary seýrek däl.

Türkmenistanda ortaça aýlyk 1010 manat, pensiýa 410 manat, döwlet kömek pullary 390 manat derejesinde. Türkmen hökümeti täze ýyldan aýlyk hakynyň we beýleki ýeňillikleriň ýene 10 göterim ýokarlanýandygyny yglan etdi, ýöne inflýasiýanyň derejesini agzamady.

Türkmenistanda başga ýurtlardaky ýaly her bir adam başyna hasaplanyp, düzülýän esasy azyk önümlerini we zerur harytlary öz içine alýan "sarp ediş sebedi" düzümeýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net

Другие проекты от 123ru.net



Архангельск

За три месяца по гаражной амнистии оформлено 197 гаражей и 395 земельных участков



Жизнь

Сервисное локомотивное депо «Иваново» реализует программу по замещению импортных деталей и узлов аналогами отечественного производства для тепловозов серии 2ТЭ116УД






103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России





Топ 10 новостей последнего часа




Новости России

Армяне в Великой Отечественной войне: Иван Георгиевич Магакьян

Аутсайдер РПЛ "Сочи" победил "Пари НН" со счетом 6:1

«СВЯТОЙ ЛЕНИН» и все правительства могут отменить либо собрать все налоги!

Бывший член комитета РФС по этике Созин: игрой "Динамо" хочется наслаждаться


Москва

Оксана Федорова представила на выставке-форуме «Россия» премьеру фильма «Петербург Шаляпина и Рахманинова»






Rss.plus
Moscow.media
Москва

Собянин: Услугами и сервисами mos.ru москвичи воспользовались 4 миллиарда раз



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Алла Пугачёва

Раскрыт секрет моложавого вида Аллы Пугачевой: необычная методика удивляет




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

"Динамо" обыграло "Балтику", дважды забив в компенсированное время

"Зенит" в Москве обыграл ЦСКА и сравнял счет в серии

Гол Чалова с пенальти принес ЦСКА победу над «Зенитом» в матче РПЛ


Арина Соболенко

Соболенко испытала проблемы после снятия Рыбакиной с турнира в Риме



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Спасатели начали поднимать рейсовый автобус, утонувший в центре Петербурга



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России