Gazak DIM-i rus ilçisiniň aýdan sözleri barada: Mesele çözüldi
Russiýanyň Gazagystandaky ilçisi Alekseý Borodawkiniň aýdan sözlerinden soň onuň bilen söhbetdeşlik geçirildi diýip, Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Aýbek Smadiýarow 28-nji dekabrda habar berdi.
“Alekseý Borodawkin bilen degişli gürrüň geçirildi. Mundan başga, Mejilisiň spikeri Erlan Koşanow eýýäm Russiýanyň ilçisiniň aýdan sözlerine düşündiriş berdi. Şeýle-de, Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bu mesele bilen baglanyşykly düşündirişini berdi. Şu günki günde bu mesele çözüldi diýip hasaplaýarys. Russiýa tarapynyň soran ötünji kabul edildi” diýip, Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Daşary işler ministrliginde geçirilen brifingde aýtdy.
Daşary işler ministrliginiň wekili Gazagystan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň döwlet baştutanlary tarapyndan kesgitlenýändigini we Gazagystan bilen Russiýanyň arasynda "ýiti meseleleriň ýokdugyny" hem sözüne goşdy.
Russiýanyň Gazagystandaky ilçisi dekabryň başynda Russiýanyň "Sputnik" habar gullugyna beren interwiýusynda gazak häkimiýetleri "milletçilere garşy göreşde" kömege mätäç bolsa, Russiýanyň bu kömegi berip biljekdigini aýtdy.
Şuňa meňzeş beýanatlar, şol sanda Gazagystanyň toprak bitewiligine degişli prowokasiýa häsiýetli sözler mundan öň beýleki rus şahsyýetleri tarapyndan hem aýdyldy.