Добавить новость
World News in Turkmen

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Maryda Täze ýyl gamaşyk geçdi, çagalar döwlet guramaçylygynda geçirilen baýramçylyk çäresine çekildi

Mary sebitinde Täze ýyl baýramçylygynyň dowamynda güýçlendirilen polisiýa gözegçiligi we sebit merkezinde kiçi ýaşly çagalaryň sowuk howada döwlet guramaçylygynda geçirilen baýramçylyk çärelerine çekilmegi adamlaryň baýram şatlygyna kölege saldy. Baýramçylyk howasy tutuk geçdi.


Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri Täze ýyl baýramçylygynda sebitde tas komendant sagady ýaly howanyň höküm sürendigini aýdýarlar.


Bu ýagdaý, hususan-da, sebit merkezinde okuwçy ýaşlaryň baýramçylyk günlerindäki hereketlerine polisiýanyň we mekdep mugallymlarynyň gözegçilik maksatly gatyşmagy bilen has aýdyň göründi.       


Bir tarapdan okuwçy ýaşlaryň hereketi çäklendirildi, beýleki tarapdan, sebit merkezinde döwlet guramaçylygynda geçirilýän baýramçylyk çäresine käbir mekdeplerden okuwçy ýaşlar mejbury çekildi.


“Mugallymlar okuwçylaryň ene-atalaryna ýeke-ýekeden jaň edip, kanikulda okuwçylary hiç ýere çykarmazlygy, olara esewan etmegi, göz-gulak bolmagy tabşyrdylar. Täze ýyl güni çagalara şäherde gurnalan Täze ýyl arçasyna gezelenje gitmeklik, olara öz dostlarynyň öýlerine baryp görmeklik gadagan edildi” diýip, Mary şäheriniň ýaşaýjysy gürrüň berdi.




31-nji dekabrda we 1-nji ýanwarda mekdep ýaşlaryndaky çagalaryň diňe ene-atalary bilen bilelikde şäherde gezelenje çykmagyna rugsat berildi. Özbaşdak köçä çykýan ýaş ýetginjekler polisiýa tarapyndan barlandy.


Marynyň administratiw merkezinde Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bir topar ýetginjek ýaşlar Täze ýyl güni Marynyň köçelerinde özleriniň polisiýa tarapyndan saklanyp, jübüleriniň we jübi telefonlarynyň barlanandygyny gürrüň berdiler.


Ýaş ýetginjekleriň jübüleriniň barlanmagy polisiýanyň howpsuzlygy üpjün etmek tagallalary bilen, galyberse-de, ýaşlaryň jübüsinde baýramçylyk paňkyldawaçlarynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklamak synanyşyklary bilen düşündirilýär.


Ýatlasak, baýramçylygyň öň ýany, ýurduň ähli sebitlerinde içeri işler edaralary gözegçiligi güýçlendirdi. Polisiýa işgärleri we mekdep mugallymlary okuwçy ýaşlaryň arasynda gürrüňdeşlikleri geçirip, baýramçylygyň dowamynda ýasama partlaýjylary ulanmazlyk, baýram paňkyldawaçlaryndan peýdalanmazlyk barada söhbetdeşlik geçdiler.


Täze ýyl baýramynyň yz ýany, Azatlygyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolan ýaş ýetginjekler baýramçylykda şatlyk-şowhunyň ýetmezçilik edendigini aýdýarlar.


“Çagalar [Täze ýyl baýramynyň] baýramçylyga meňzemeýändigini. Özlerinde baýramçylyk höwesiniň ýokdugyny aýdýarlar” diýip, bir maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.


“Şäher ýerinde Täze ýyl salýutlary atylmady” diýip, beýleki bir sebit ýaşaýjysy aýdýar.


Bu aralykda, döwlet guramaçylygynda geçirilen çärelere okuwçy ýaşlar, hatda çagalar baglaryna gatnaýan körpeler mejbury çekildi.


“Käbir mekdepleriň okuwçylary welaýatyň Täze ýyl arçasynyň ýanynda geçirilen we döwlet telewideniýesinde görkezilmeli baýramçylyk çäresine çekildi. Hatda bu çärä çagalar bagynyň körpeleriniň hem gatnaşdyrylandygy aýdyldy. Çagalary birnäçe sagatlap, sowukda sakladylar” diýip, şäher ýaşaýjylary Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdiler.




Ýatlasak, 2022-nji ýyla geçilen gije Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda öý şertlerinde ýasalan partlaýjylaryň ýarylmagy netijesinde bolup geçen heläkçilikli hadysa adam pidalaryna we ýaralanmalara getirdi.


Adatça, adam pidalaryna getirýän betbagtçylykly hadysalary boýun almaýan Türkmenistanyň döwlet ýolbaşçylary, bir ýyl ozal, baýramçylygyň yz ýany geçiren Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde Çärjewde bolan heläkçiligi tassyklady.


Türkmenistanyň güýç edaralarynda möhüm baýramçylyklaryň öň ýany, güýçlendirilen iş tertibi yglan edilýär.


Maryda tutuk bellenip geçilen Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda, türkmen häkimiýetleri mekdeplerde we býujet edaralarynda yzly-yzyna howpsuzlyk ýygnaklaryny geçirip, baýramçylykda emeli partlaýjylaryň partladylmazlygy, býujet işgärleriniň kafelerde we restoranlarda baýramçylyk üýşmeleňlerini geçirmeginiň gadagan edilmegi ýaly “howpsuzlyk meseleleri” boýunça düşündiriş işlerini geçirdiler.


“Bu ýyl adamlar öýlerinden çykman, Täze ýyl baýramyny bellemeli boldular” diýip, maryly bir býujet işgäri baýramçylygyň yz ýany, Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России