Rus esgeri goşun bölüminde granat ýardy: üç adam öldi, 16 adam ýaralandy
"Interfaks" habar gullugynyň maglumatyna görä, esger RGD-5 el granatyny tötänlikde ýardy we netijede üç esger ölüp, 16 adam ýaralandy, ýene sekiz adam bolsa dereksiz ýitdi.
Bu waka günäkär bolan harbynyň özüniň aman galandygy we keselhana ýerleşdirilendigi habar berildi.
Ölenleriň mobilizlenen esgerlerdigi aýdylýar. Bu hadysa barada häzirlikçe hiç bir resmi düşündiriş berilmedi.