HRANA: Eýran protestlerinde azyndan 522 adam öldi
Ölenleriň arasynda kämillik ýaşyna ýetmedik 70 adam, howpsuzlyk güýçlerinden bolsa 68 adam bar diýip, agentligiň maglumatyna aýdylýar.
Şeýle-de habarda 20,000 töweregi adamyň tussag edilendigi, 110 adamyň ölüm jezasyna höküm edilip bilinjekdigi aýdylýar.
Bu protestler bilen baglylykda şu wagta çenli dört adam jezalandyrylyp öldürildi.
Protestlere yslam geýim düzgünlerini berjaý etmezlikde aýyplanyp saklanan kürt gyzy, 22 ýaşly Mahsa Amininiň tussaglykda ölmegi sebäp boldy.