Türkmenistan geçen ýyl Hytaýa 10 mld 25 mln dollarlyk gaz satdy
Şeýlelikde, Türkmenistan Hytaýa geçiriji gazyny eksport edýänleriň arasynda öňdebaryjy bolmagynda galýar. Ikinji orunda Russiýa (1,65 milliard dollar) durýar, bu ýurt Hytaýa geçen ýylkysyndan 2,9 esse kän gaz satdy diýip, habarda bellenýär.
Russiýadan soň Mýanma (1,3% ýokarlandy, 1,43 milliard dollar), Gazagystan (4% aşaklap, 1,08 milliard dollar) we Özbegistan (takmynan 33,9% ýokarlandy, 1,07 milliard dollar) durýar.
Şu ýylyň ýanwar aýynyň başynda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Pekine döwlet saparyny edip, hytaýly kärdeşi Si Szinpin bilen duşuşdy we gaz pudagyndaky türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek ylalaşygyna geldi.