"Talyban" Özbegistany Owganystana elektrik üpjünçiligini kesmekde tankyt etdi
Kabul ýurtda görülmedik sowuk howa döwürlerinde, Owganystana elektrik üpjünçiligini kesendigi üçin, Özbegistany tankyt etdi.
“Talyban” hökümetinde Owganystanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Amir Han Muttaki Daşkentde geçen Oba hojalyk önümlerini işläp taýýarlamak boýunça döwlet maksatnamasynyň açylyş dabarasynda, Özbegistanyň häkimiýetlerini iki ýurt arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda, öz ýurduny elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge çagyrdy. Ol sözüniň dowamynda täjik-pars şahyry Saadiniň goşgusyndan mysal getirdi. Onda şeýle diýilýär: "Doganlyk – kyn ýagdaýda kömek etmekdir."
"Özbegistanyň häkimiýetleri beren sözüni ýerine ýetirip, Owganystany elektrik energiýasy bilen üpjün etmelidir. Owganystanyň "Breşna" energiýa kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama laýyklykda, Özbegistan gyş aýlarynda Owganystany 450 megawatt tok bilen üpjün etmäge borçnama aldy. Emma Özbegistan elektrik toguny kesdi, häzir adamlar kynçylyklara duçar bolýarlar" diýip, Muttaki aýtdy.
“Breşna” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Hikmatullo Ahanzade 22-nji ýanwarda Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy tarapyndan geçirilen gürrüňdeşlikde, elektrik energiýasynyň tehniki problemalar sebäpli kesilendigini aýtdy hem ol tehniki bökdençligiň Özbegistanyň çäginde ýüze çykandygyny mälim etdi.
Özbegistan Owganystana berýän elektrik energiýasyny 13-nji ýanwarda kesipdir. Daşkent toguň kesilmegini tehniki sebäpler bilen düşündirýär.
“Talyban” hökümetinde Energetika ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Abdul Latif Mansur Daşkent bilen gepleşik geçirilenden soňra, Özbegistanyň gyş möwsüminde Owganystana 450 milliard kilowatt elektrik toguny ibermegi borç alandygyny aýtdy. 2022-nji ýylda Owganystan Özbegistandan 100 mln. dollara 2 milliard kilowatt elektrik energiýasyny satyn alypdyr.
Häzirki wagtda Owganystan Täjigistanyň ýerli elektrik kompaniýalaryndan alýan togy bilen oňşuk edýär. Elektrik togy aýratyn-da iri şäherlere hem-de jemgyýetçilik ähmiýetli merkezlere berilýär.
Owganystanda ýurtda dowam edýän aşa sowuk sebäpli elektrik energiýasyna güýçli mätäçlik duýulýar. Kabulyň ýaşaýjylary howanyň derejesiniň peselen wagtynda, elektrik togunyň yzygiderli kesilmegi sebäpli ençeme kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryna närazylyk bildirýärler.
Owganystandaky "Talyban" hökümetiniň ýolbaşçylygynda iş alyň barýan gyssagly ýagdaýlar ministrliginiň maglumatyna görä, welaýatlarda gar syrgyny hem süýşmegi we aşa sowuk zerarly 100-e golaý ýaşaýjy ejir çekipdir, ilatyň azyndan 70 müň baş maly gyrlypdyr.
Russiýanyň çäklerinden Merkezi Aziýa sebitlerine aralaşan sowuk arktik akym Gazagystany, Türkmenistany, Täjigistany, Özbegistany, Gyrgyzystany, Eýrany, Owganystany, hatda beýleki adatça örän ýyly guşaklykdaky ýurtlary-da, sowuk dolulygyna örtdi. Bu ýurtlaryň käbirinde ýaşaýjylar ýangyç-üpjünçilik kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar, jemgyýetçilik-hyzmat işinde bökdençlikler ýüze çykypdyr.
Häzirki wagtda Owganystandaky dörän ýagdaý ynsanperwer betbagtçylygyň ähli aýratynlyklaryny görkezýär. Bir tarapdan, sowuk gyş gazabyna tutýar, däri-derman serişdeleriniň ýetmezçiligi we açlyk dowam edýär, beýleki tarapdan, talyplaryň amala aşyrýan rehimsiz syýasaty netijesinde, işsizlik, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň çäklendirilmegi dowam edýär. Bu ýagdaýyň ählisi halkara jemgyýetçiligine garşy girizilen sanksiýalar bilen has-da güýçlenýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.