Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Türkmenabadyň eteginde köpçüligiň gatnaşmagynda 'gizlin' it urşy geçdi

Türkmenabadyň eteginde köpçüligiň gatnaşmagynda 'gizlin' it urşy geçdi

Türkmenistanda it ýaryşlarynyň meşhurlygy saklanýar. Resmi taýdan gadagan edilen şeýle çäreleriň biri ýekşenbe güni Türkmenabadyň golaýynda geçirildi. Tomaşa etmek üçin müňe golaý adamyň üýşen ýerine Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy hem baryp gördi.

Ýekşenbe günki it ýaryşyna azyndan ýüzlerçe adam barypdyr. Habarçymyzyň çaklamalaryna görä, itleriň uruşdyrylmagyny görmek üçin baranlaryň sany müňden geçýär.

Ýekşenbe günki uýşmeleň Çärjew etrabynyň bir obasynda, Amyderýanyň kenaryna golaý uly meýdanda gurnalypdyr. Habarçymyzyň ugradan suratlarynda boş giň meýdanda iňňän köp adamdan ybarat uly üýşmeleňleri görüp bolýar. Adamlar uly topar bolup durýarlar. Bogny bagly uly alabaý itleri tutup duranlar hem bar. Tomaşaçylar esasan orta ýaşly erkek adamlar.   

"Bu çetdäki oba häkimiýetleriň gözünden daş ýerde bolup, bu it söweşine gelen köp sanly awtoulagyň duraldasy ýoldan köp görünmeýär" diýip habarçymyz aýtdy. 

Habarçy it ýaryşlary gadagan bolansoň, olaryň şäheriň daşynda, ýaşaýyş jaýlaryna golaý bolmadyk açyk meýdanda geçirilýändigini belledi: "Indi it ýaryşlary gelim-gidimli, göze düşýän ýerlerde däl-de, şäheriň ýa-da obalaryň çetlerinde geçirilýär. Çet obalarda geçirilse polisiýa hiç hili päsgelçilik görkezmeýär. Polisiýa asla gelmeýär. Esasy talap, ýaryşlar çetde, ýaşaýjylardan hem hiç hili şikaýat bolmaýan ýerde geçirilse bolany".

Öň bu ýaryşlar Türkmenabadyň özünde, günortasyndaky täze aeroportuň golaýyndaky çölde, köne atçylyk sport toplumynyň çäginde geçirilýärdi.

Habarçymyz häkimiýetleriň it ýaryşlaryny gurnamagyň resmi taýdan gadagan edilendigini aýtmagyna garamazdan, bu gadagançylyk we onuň sebäpleri barada resmi taýdan düşündiriş bermeýändiklerini, meseläniň metbugatda hem gozgalmaýandygyny belledi. 

Bu aralykda it ýaryşlaryna il içinde gyzyklanma saklanýar. Lebapda şeýle ýaryşlar her iki aýdan bir gezek geçirilýär. Ony görmek üçin her gezek uly märeke toplanýar.  

"Her iki aýdan geçirilýän bu it söweşine müňlerçe adam tomaşa etmäge gelýär" diýip, habarçymyz aýtdy. 

Habarçymyz, käte polisiýanyň bir ýerde jemlenen köp awtoulaglary görse üýşen adamlary kowup başlaýandygyny belledi. It ýaryşlaryny gurnaýanlaryň we oňa tomaşa etmek üçin baran adamlaryň gadagançylygy bozmak bilen baglylykda yzarlanmagyna degişli ýagdaýlar Azatlyga mälim däl.     

Bellemeli ýeri, soňky ýyllarda Türkmenistanda it ýaryşdyrmak üçin desganyň gurluşygy döwlet derejesinde planlaşdyrylan proýektleriň arasynda hem agzalypdy.

2020-nji ýylyň 26-njy awgustynda şol wagt prezident bolan Gurbanguly Berdimuhamedow alabaý itleri üçin Aşgabatda, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda guruljak Tohumçylyk merkezleriniň baş plany we taslamalary, Ahal welaýatynda guruljak Karantin merkeziniň baş plany we taslamasy, alabaýlaryň heýkel şekilleriniň dürli görnüşleri ýaly proýektler bilen tanyşanda, "Tohumçylyk we Karantin merkezleri, türkmen alabaýlarynyň arasynda ýaryşlary geçirmek üçin meýdança... ýokary hil häsiýetnamalaryna laýyk gelmelidir" diýip tabşyrypdy. 

Türkmenistanda soňky ýyllarda alabaý itleriniň wagzy güýçlendi, tutuş ýurt boýunça olary köpeltmek üçin merkezler guruldy, heýkeller dikildi, şol bir wagtda-da häkimiýetler idegsiz itleri tutmagyň rehimsiz usullaryny, olary wagşylarça ýok etmegi dowam etdirdi.

2022-nji ýylyň tomsunda itlere rehimsizligi gadagan edýän itler baradaky ýörite kanunyň kabul edilmegi-de, häkimiýetlerde we jemgyýetde itlere rehim-şepagaty artdyrmady.      

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net

Другие проекты от 123ru.net



Архангельск

Спортсмены Архангельска, Новодвинска и Северодвинска приняли участие в празднике «Здоровье для северян»



Мода

«585*ЗОЛОТОЙ» усовершенствовала процесс обучения новых сотрудников через механизм наставников и стажеров






103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России





Топ 10 новостей последнего часа




Новости России

Галина Янко: главные традиции и приметы Пасхи

Анна Данилова дала старт Всероссийской акции "Синий платочек Победы" 2024 на станции метро Курская

Пресс-релиз | CRYPTONIUM | Новая экосистема для заработка на криптовалюте | Арбитраж | Трейдинг | Обучение

Инаугурация президента Путина - 2024. Прямая трансляция


Москва

Анна Данилова дала старт Всероссийской акции "Синий платочек Победы" 2024 на станции метро Курская






Rss.plus
Moscow.media
Москва

Собянин: В дома и соцобъекты Москвы будет возобновлена подача тепла



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Виктор Тепляков

Депутат ЗСК Виктор Тепляков провёл совещание по теме защиты дельфинов




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

На международной выставке-форуме "Россия" в Москве завершилась тематическая неделя спорта

Полина Гагарина — про уход на пенсию и особые способности Сергея Лазарева

Матч ЦСКА - "Рубин" завершился со счетом 2:2


Андрей Рублёв

На кураже: Рублёв пробился в финал «Мастерса» в Мадриде, Медведев снялся из-за травмы



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Певец Сергей АРУТЮНОВ и солистка группы Демо - встречаются, или просто выпустили совместный хит “Солнышко”? Разлад АРУТЮНОВА и Маши Малиновской?



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России