Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen



Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Balkanly lukmanlar: Koronawirus bilen keselleýän we bu keselçilikden ölýän çagalar köpelýär

Balkan welaýatynda çagalaryň arasynda ýiti respirator we sary getirme keselleri köpelýär. Balkanly lukmanlaryň ençemesi bu çagalaryň aglabasynda COVID-19-yň bardygynyň anyklanýandygyny aýdyp, olaryň arasynda ölüm hadysalarynyň hasaba alnyp başlanandygyny belleýär.

"Fewralyň ahyryndan bäri sebitiň hassahanalaryna getirilýän çagalaryň sany artdy. Olaryň aglabasy bedeniniň temperaturasynyň aşa ýokarlanmagyndan şikaýat edýär. Bu çagalara koronawirus testi edilýär we olaryň aglabasynyň Covid-19 bilen keselländigi anyklanýar. Beýleki çagalaryň bolsa, ýiti respirator, dümew we sary getirme keselleri bilen keselländigi anyklanýar" diýip, welaýatyň köp ugurly hassahanasynyň çagalar bölüminiň bir lukmany anonimlik şertinde 6-njy martda aýtdy.

Türkmenbaşy şäheriniň 1-nji saglyk öýüniň bir işgäriniň we agzalýan hassahananyň birnäçe lukmanynyň sözlerine görä, bu keselçilikler, hususan-da koronawirus zerarly çagalaryň arasynda ölüm hadysalary hasaba alnyp başlandy.

"Geçen hepdäniň dowamynda üç çaga koronawirusdan aradan çykdy. Olaryň biri 5, ýene biri 9 we üçünjisi 14 ýaşyndady" diýip, balkanly lukman aýtdy.

Bu aralykda, habarçymyz fewral aýynyň ahyrynda Türkmenbaşynyň 15-nji mekdebiniň üç günlük ýapylandygyny we muňa mekdebiň 10 okuwçysynyň koronawirus bilen keselländiginiň anyklanmagynyň sebäp bolandygyny aýtdy.

"26-njy fewralda bu mekdebiň 5-9-synp okuwçylarynyň 10-sy şäheriň ýokanç keseller hassahanasyna ýüz tutdy. Olar bedeniniň temperaturasynyň 40 gradusa golaýlamagyndan şikaýat etdiler. Hassahanada olar koronawirus testi edildi we olarda COVID-19-yň bardygy anyklandy. Mekdebiň 5-nji synp okuwçysy hassahanada wepat boldy. Şondan soňra mekdebiň ähli okuwçysyndan dessine test alnyp, olar öý karantinine ýerleşdirildi. Üç günläp zyýansyzlandyryş işleri geçirilensoň, mekdep 1-nji martda gaýtadan öňki tertipde işe başlady" diýip, habarçy aýtdy.

Azatlykda wepat bolan okuwçynyň şahsyýetini anyklaýan maglumatlar bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige äşgär etmekden saklanýar.

Redaksiýa bu aýdylanlar barada agzalýan hassahanalardan, saglyk öýünden we mekdepden resmi kommentariýa alyp bilmedi. Şeýle-de, Azatlygyň welaýatyň Saglygy goraýyş müdirligi bilen telefon arkaly habarlaşmak synanyşyklary hem başa barmady.

Bu maglumatlar, öz çäginde koronawirusyň ýekeje hadysasynyň hem hasaba alynmandygyny tutanýerlilik bilen tekrarlaýan Türkmenistanda mekdep okuwçylaryna koronawirusa garşy sanjymyň edilip başlan mahalyna gabat geldi.

Balkandaky habarçymyz sebit mekdeplerinde hem okuwçylara koronawirusa garşy sanjymynyň edilýändigini aýdýar. Olara "Sinowak" we "Koronawak" sanjymlary urulýar.

"Sanjymlar 7-11 synplarda okaýan okuwçylara edilýär" diýip, habarçy bilim işgärlerine salgylanyp, ýerli häkimiýetleriň mekdeplerde maska dakynmak düzgünini gaýtadan dikeltmek barada maslahat edýändigini hem aýtdy.

Türkmenistan 2021-nji ýylyň iýunynda 18 ýaşdan ýokary ähli raýatlar üçin COVID-19 waksinasyny hökmany diýip yglan etdi. Şondan bäri ýurt raýatlary koronawirusa garşy sanjymyň dört dozasyny kabul etdiler.

Ýöne ýurtda mekdep okuwçylaryna koronawirusa garşy sanjymyň edilip başlanandygy barada ne häkimiýetler, ne-de berk döwlet gözegçiligindäki metbugat serişdeleri maglumat berýärler.

Bütindünýä saglyk guramasynyň maglumatyna görä, hiç bir kategoriýa boýunça maglumat elýeterliligi bolmadyk Demirgazyk Koreýadan başga, Türkmenistan öz çäginde koronawirusyň ýekeje hadysasynyň hem hasaba alynmandygyny öňe sürýän ýeke-täk ýurt bolmagynda galýar.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylaryň, şol sanda saglyk işgärleriniň onlarçasy pandemiýanyň başyndan bäri bu wirusa müňlerçe adamyň ýolugandygyny, başga-da şonçasynyň bu keselçilikden wepat bolandygyny habar beripdiler.

 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net

Другие проекты от 123ru.net



Архангельск

Спортсмены Архангельска, Новодвинска и Северодвинска приняли участие в празднике «Здоровье для северян»



Здоровье

Ожог борщевиком: как оказать первую помощь в домашних условиях






103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России





Топ 10 новостей последнего часа




Новости России

Travel-эксперт Тариел Гажиенко: какую страну выбрать для семейного отпуска

Не всегда готовы: в России упал спрос на детские лагеря у моря

ФСБ рассекретила показания адъютанта Гитлера о плане союза с США против СССР

White Queen Birthday party «Королева морей»


Москва

Росгвардия обеспечила безопасность генеральной репетиции парада ко Дню Победы в Москве






Rss.plus
Moscow.media
Москва

Мэр Собянин: метро и МЦК в Москве на Пасху продлят работу до 02:00



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Булат Окуджава

Концерт памяти Булата Окуджавы пройдёт на Камчатке




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Московское "Динамо" возглавило турнирную таблицу РПЛ

На площадках «Московских сезонов» работают шесть скейт-парков и роллердром

«Динамо» возглавило турнирную таблицу РПЛ после победы над «Сочи»


Андрей Рублёв

На кураже: Рублёв пробился в финал «Мастерса» в Мадриде, Медведев снялся из-за травмы



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Росгвардия обеспечила безопасность генеральной репетиции парада ко Дню Победы в Москве



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России