Bişkekde ýüzlerçe aýal-gyz hukuk deňligini talap etdi
Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan gender esasly zorluklary aradan aýyrmazlykda tankylanýan Gyrgyzystanda ýüzlerçe aktiwist Halkara Aýal-gyzlar gününde aýal-gyzlar üçin deň hukuklaryň üpjün edilmegini talap etmäge ýygnandy.
8-nji martda paýtagt Bişkegiň merkezindäki Sport köşgüniň golaýyna ýygnanan we Merkezi Aziýa ýurdunda aýal-gyzlaryň azatlygy ugrunda göreşen Urkia Saliýewanyň ýadygärligine tarap ýöriş eden demonstrantlar "Azat aýal Gyrgyzystanyň abadançylygyny aňladýar", “Başlyk, meniň tenimden el çek!”, “Bize siziň gülleriňiz gerek däl, bize hukuklar gerek” diýen ýaly şygarlar ýazylan plakatlar göterdiler.
Aktiwistler hökümetden maşgaladaky zorlugy we gelinlikleriň zor bilen alnyp gaçylmagyny bes etmek, aýallara garşy edilýän zorluk üçin jeza bermek, ýurduň her etrabynda döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän krizis merkezlerini döretmek, aýal-gyzlaryň ählisini bilim we lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün edýän kanunlary berkitmek barada milli plan düzmegi talap etdiler.
Ýörişe polisiýa ýoldaş boldy, ýöne goşulmady.