Stambulda türkmen raýaty: Bikanun migrant
Türkmenistanly migrant Ruslan bikanun esasda Türkiýede ýaşaýar we işleýär. Onuň pasportynyň möhleti gutardy. Ol resminamalarynyň ýoklugy sebäpli az aýlykly işde zähmet çekmäge mejbur bolýar. Stambuldaky türkmen konsulhanasy oňa täze pasport bermekden ýüz öwürýär. Häzirki wagtda köp migrant bu ýagdaýy başdan geçirýär.