Owganystanda suw joşmalarynda azyndan üç adam öldi
Owganystanda soňky iki günde ýüze çykan suw joşmalarynda azyndan üç adam öldi, başga-da ýedisi ýaralandy.
Ýurduň “Talyban” dolandyryjylarynyň 25-nji martda beren maglumatyna görä, suw joşmalary Nangarhar, Laghman, Kunar, Balh, Farah, Zabul, Farýab, Uruzgan we Nuristan welaýatlarynda 756 jaýy weýran edipdir.
“Talyban” 2021-nji ýylyň awgustynda häkimiýeti ele geçireninden soň, tebigy betbagtçylyklaryň, şol sanda ýer titremeleriň weýrançylykly netijelerini aradan aýyrmakda, şeýle-de “Yslam döwleti” toparynyň jeňçilerine garşy durmakda kynçylyk çekýär.