GDA-nyň baş sekretary Sergeý Lebedew türkmen saýlawlarynyň azat bolandygyny aýdýar
GDA-nyň synçylar missiýasy Türkmenistanda geçirilen parlament saýlawlaryna gözegçiligiň netijeleri boýunça taslama taýýarlady we ol saýlaw kampaniýalarynyň resmi netijeleri degişli guramalar tarapyndan tassyklananyndan soň çap ediler diýip, “Orient” neşiri missiýanyň başlygy, GDA-nyň baş sekretary Sergeý Lebedewiň žurnalistleriň we halkara gözegçileriniň gatnaşmagynda geçirilen metbugat ýygnagynda aýdan sözlerine salgylanyp habar berýär.
Hökümetçi neşir bu missiýanyň Türkmenistana 8-nji martda gelendigini we ýurduň ähli sebitinde bolandygyny belleýär.
Lebedew saýlawlara taýýarlygyň, Merkezi saýlaw komissiýasynyň baý tejribesi esasynda, guramaçylykly geçirilendigini, Türkmenistanda geçirilen saýlawlara eýýäm birnäçe gezek syn edensoňlar, deňeşdirmäge mümkinçilikleriniň bolandygyny, öňki saýlawlara garanda düýpli tapawudyň görnendigini belledi.
“Ozaly, kampaniýanyň gurnalyşy hil taýdan gowulaşdy, saýlawçylaryň hasaba alynmagy has takyk boldy” diýip, Lebedew bu ilerlemeleriň sanawlar düzülende ýüze çykyp biljek tehniki ýalňyşlyklary aradan aýyrýandygyny öňe sürdi.
Onuň pikiriçe, tapawudyň ikinjisi we iň möhümi, Türkmenistana we beýleki Arkalaşyk ýurtlaryna mahsus bolan ýagdaý, saýlawçylaryň kämillik derejesiniň ýokarlanmagy bolup durýar.
Şeýle-de Lebedew umuman alternatiw esasda, ýokary guramaçylyk bilen, azat we açyk, ýerli we halkara derejede ykrar edilen ýörelgelere laýyklykda, demokratik saýlawlaryň geçirilendigini öňe sürdi.
Emma ýerli synçylar we abraýly halkara guramalary Türkmenistanda şu wagta çenli azat we adalatly diýlip ykrar edip boljak saýlawyň bolmandygyny aýdýarlar.
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň adam hukuklarynyň ýagdaýy barada 2022-nji ýyla syn edip taýýarlan hasabatynda aýdylmagyna görä, Türkmenistanda raýatlaryň erkin we adalatly saýlawlar arkaly öz hökümetini parahatçylykly çalşyp bilmezligi; syýasata gatnaşylmagynyň çynlakaý we esassyz çäklendirilmegi; häkimiýet ulgamynda kök uran korrupsiýa ýaly problemalar saklanyp galýar.