BMG: “Talyban” owgan gyzlarynyň bilim wagyzçysyny tussag etdi
BMG-niň Owganystandaky missiýasy (UNAMA) 28-nji martda owgan gyzlarynyň bilim almak hukugyny goraýan görnükli aktiwistiň “Talyban” häkimiýetleri tarapyndan tussag edilendigini aýtdy.
"PenPath1" guramasynyň başlygy we gyzlaryň bilim almagyny goldaýan Matiullah Wesa birinji gün Kabulda tussag edildi. UNAMA de-fakto häkimiýetlerini onuň nirededigini, tussag edilmeginiň sebäplerini aýtmaga, kanuny wekilçiligini we maşgalasy bilen aragatnaşyk saklamagyny üpjün etmäge çagyrýar” diýip, missiýa Twitterde ýerleşdiren beýanatynda aýtdy.
Wesanyň dogany Samiullah AFP habar gullugyna onuň tussag edilendigini tassyklady we aktiwistiň ýenjilendigini hem-de zor bilen alnyp gidilendigini gürrüň berdi.