Prokuror täjik žurnalisti Fozilowa ýedi ýyldan gowrak iş kesilmegini soraýar
Täjigistanda geçirilen ýokary derejeli kazyýet işinde prokuror žurnalist Hurşed Fozilowy gadagan edilen toparyň işine gatnaşmakda aýyplap, 7 ýarym ýyl azatlykdan mahrum etmegi sorady.
Fozilowyň garyndaşlary Azatlyk Radiosyna prokuroryň bu talaby 25-nji maýda, demirgazykdaky Hujand şäherinde başlanan kazyýet işiniň ilkinji gününde öňe sürendigini aýtdylar.
Fozilow mart aýynyň başynda tussag edileli bäri özüniň bigünädigini aýdyp gelýär.
37 ýaşly, üç çaganyň kakasy bolan garaşsyz žurnalist birnäçe garaşsyz habar beriş serişdesi, şol sanda ýurduň daşynda ýerleşýän garaşsyz web sahypa “Ahbor” bilen hyzmatdaşlyk etdi.
Ol demirgazyk Sugd sebitinde ýönekeý adamlaryň ýüzbe-ýüz bolýan sosial meseleleri barada ýazyp, ýerli hökümeti tankytlaýardy, sosial media ulgamlarynda görkezýän işjeňligi bilen tanalýardy.