Makron täze krizis ýygnagyny çagyrýar
Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 30-njy iýunda, polisiýanyň bir ýetginjegi atyp öldürmegi netijesinde başlanan gozgalaňyň iň ýykgynçylykly gijesinden soň, hökümetiň iki günüň içindäki ikinji krizis ýygnagyny geçirýär.
Fransiýanyň dürli şäherlerinde we şäherçelerinde polisiýa işgärleri bilen çaknyşan pitneçileriň binalara we ulaglara ot bermegi, dükanlara zyýan ýetirmekleri we awtobuslary agdarmaklary bilen, öten agşam ýüzlerçe polisiýa ofiseri ýaralandy we ýüzlerçe adam tussag edildi diýip, häkimiýetler aýtdy.
29-njy iýun güni giçlik, tolgunyşyklary basyp ýatyrmak maksady bilen 40,000 ofiser iberen içeri işler ministri Gerald Darmanin twitterde polisiýanyň 667 adamy tussag edendigini aýtdy.