Kosowa türk “Baýraktarlaryny” satyn alýar
Howpsuzlyk çykdajylary ýurdy has howpsuzlaşdyrýar diýip, Kurti Facebookda goranmak ministri bilen pilotsyz uçaryň öňünde düşen suratynyň aşagynda ýazdy.
Ol pilotsyz uçarlaryň düşen bahasyny ýa-da olaryň näme üçin ulanyljakdygyny aýtmady.
Kurti öz hökümetiniň soňky iki ýylda goşun sanyny 80%, goranyş býujetini bolsa 100%-den gowrak ýokarlandyrandygyny aýtdy.