Rus ministri Demirgazyk Koreýa 'harby gatnaşyklary berkitmäge' bardy
Şeýle-de, Şoýgunyň Phenýan howa menzilinde Demirgazyk Koreýanyň goşun generaly Kang Sun Nam we hormat garawuly bilen garşy alnandygy aýdylýar.
Rus ministrliginiň maglumatyna görä, Şoýgunyň ýolbaşçylygyndaky delegasiýa "1950-1953-nji ýyllaryň watançylyk azat ediş urşunda koreý halkynyň gazanan ýeňşiniň 70 ýyllygyna bagyşlanan çärelere" gatnaşar.
Bu ýerde gürrüň Günorta Koreýa bilen Demirgazyk Koreýanyň arasynda bolan uruş hakynda barýar.