Добавить новость
World News in Turkmen

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Türkmenistanda çagalar mekdebe ýazylýar, Lebapda mekdepler alty ýaşly çagalary 'gözleýär'

Ýurduň orta mekdeplerinde alty ýaşly çagalar okuwa ýazylýar. Munuň bilen baglylykda Lebap welaýatyda şu günler mekdep mugallymlary bu ýaş kategoriýasyndaky çagalary mekdebe ýazdyrmak üçin öýme-öý aýlanýarlar.


Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, mugallymlaryň öýlere aýlanmagy mekdebe ýazylýan alty ýaşly çagalaryň az bolmagy bilen bagly. Mugallymlar bu ýagdaýda öýlere baryp, şu ýaşdaky çagalary gözlemäge mejbur bolýarlar.


"Mugallymlar maşgalada alty ýaşly çagalaryň bardygyny soraýarlar. Soňra çagalaryň dogluş şahadatnamalaryny görkezmegi haýyş edýärler. Alty ýaşly çagalaryň ene-atalaryndan mekdebe baryp, olary birinji klasa ýazdyrmagy haýyş edýärler" - diýip, Lebapdaky habarçymyz aýtdy.




Lebabyň mekdepleriniň köpüsinde adatça 6 ýaşly çagalar üçin ýylda 3-4 klas düzülýär we olaryň hersinde 15 çagadan bolýar.


Bu ýyl birinji klasa 2017-nji ýylda doglan çagalar kabul edilýär. Şol ýyl, häzire çenli dowam edýän ykdysady krizisiň başlamagyna gabat gelipdi. Lebap welaýatynyň döwlet edaralaryndaky, şol sanda bilim ulgamyndaky çeşmelere görä, ýaşaýyş derejesiniň düýpli erbetleşmegi çaga dogluşynyň peselmegine sebäp bolýar.


Azatlyk bilen adynyň agzalmazlygy şertinde gürleşen çeşmelere görä, 2017-nji ýylda sebitde dogluş derejesi 10% peselipdir, 2018-nji we 2019-njy ýyllar aralygynda dogluş derejesi ýene 20% kemelipdir. Azatlyk Radiosy welaýatyň häkimiýetlerinden we bilim wekillerinden resmi görnüşde düşündiriş alyp bilmedi.


Ýaňy-ýakynda türkmen häkimiýetleri ilatyň sanyny yglan etdiler. 17 ýylyň içinde ilkinji gezek neşir edilen resmi statistika sanlaryna görä, ýurduň ilaty 7 million adamdan geçipdir.


Şol bir wagtyň özünde, bu resmi san jemgyýetdäki demografiki proseslerden habar berýän resmi görkezijilere, şol sanda mekdebe girýän çagalaryň we orta bilim alan uçurymlaryň sanyna ters gelýär.


Resmi maglumatlara görä, 2022-nji ýylda ýurtda bar bolan 1875 mekdebi 82 000 adam gutarypdy. Deňeşdirmek üçin 2009-njy ýylda Türkmenistandaky orta mekdepleri 115 000 okuwçy gutarypdy. Şeýlelik bilen, resmi görkezijiler mekdebi gutaranlaryň sanynyň azalyp, aratapawudyň 33 müň adama ýetendigini mälim edýär.




Geçen okuw ýylynda, mekdeplerde birinji synp okuwçylarynyň sany az bolansoň, klaslaryň sany garaşylyşyndan az bolupdyr. Azatlygyň habarçylary Lebap welaýatynda 2022-nji ýylda birinji synpa az sanly okuwçynyň ýazylandygyny habar beripdi.


Şonda türkmen häkimiýetleri 2022-nji ýylda takmynan 160 000 çaganyň birinji synpa girendigini yglan etdiler. "Türkmenportal" ýarym resmi neşir 2022-2023-nji okuw ýylynda ýurduň 1882 orta mekdebinde jemi 1 574 737 okuwçynyň bilim alýandygyny, şolardan 159 772 çaganyň ilkinji gezek okuwa barýandygyny habar beripdi.


Deňeşdirmek üçin, öňki ýyllarda birinji synp okuwçylarynyň resmi sany 100 000 töweregi bolupdy.


Bu aralykda, ene-atalar çagalary mekdebe salanda dürli kynçylykla duçar bolýar. 2022-2023-nji okuw ýylynda, Balkan welaýatynda çagalary mekdebe kabul etmek üçin ene-atalardan olaryň çagalar bagyna gatnandygy hakynda resminama getirmek talap edilipdi. Ozalky ýyllarda çagalary mekdebe ýazdyrmak üçin para almak ýaly ýagdaýlar hem ýüze çykypdy.




Rus dilinde hem okaň


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России