Russiýa Moskwa edilen dron hüjüminiň yzyna serpikdirilendigini aýdýar
Russiýanyň Goranmak ministrligi 28-nji iýulda öten agşam "Moskwa sebitindäki obýektlere" edilen dron hüjümini puja çykarandygyny aýtdy.
Ministrligiň beýanatynda tassyklanylmagyna görä, pilotsyz uçar ýurduň howa goragy güýçleri tarapyndan ýok edildi.
Emma beýanatda pilotsyz uçaryň anyk nirede urlup ýykylandygy ýa-da onuň anyk haýsy desgany nyşana alandygy aýdylmaýar.
Moskwanyň şäher häkimi Sergeý Sobýanin öz telegram kanalynda öten agşam Moskwa hüjüm etmek synanyşygynyň bolandygyny, ýöne ölenleriň bolmandygyny, ýitgi çekilmändigini aýtdy.