ABŞ-nyň baş diplomaty rus türmesinde oturan amerikan raýaty Pol Whelan bilen gürleşýär
CNN habar gullugynyň maglumatyna görä, Blinken Whelana "Ruhdan düşmäň we biz sizi mümkin boldugyça çalt öýüňize gowşurmak üçin elimizden gelenini edýäris" diýdi. 16-njy awgustdaky habar soňra “Roýters” we TASS tabar gulluklary tarapyndan hem tassyk edildi.
ABŞ-nyň öňki deňizçi esgeri Whelan 2018-nji ýylda Moskwada içalyçylyk aýyplamasy bilen saklanyp, soňra 16 ýyl azatlykdan mahrum edildi.
Ol merkezi Russiýadaky bir türmede saklanýar. Waşington Whelany "bikanun tussag edilen" diýip häsiýetlendirdi. Bu häsiýetlendirme onuň işiniň syýasy sebäpli bolandygyny aňladýar.