Ysraýyl harbylary ilatyň Gaza şäherinden ewakuasiýa edilmegini buýurýar
Ysraýyl goşuny 13-nji oktýabrda Gaza şäherinde ýaşaýan ýüzlerçe müň raýatyň ählisiniň Ysraýylyň etmekçi bolýan gury ýer hüjüminden öň ewakuasiýa edilmegi barada görkezme berdi.
Bu görkezme Hamas söweşijileri we BMG Ysraýylyň Gaza zolagynyň demirgazyk böleginde ýasaýan 1,1 million adamyň ählisiniň ewakuasiýa edilmegini isleýändigini aýdanyndan soň berildi.
Hamasyň Ysraýyla garşy gurnan duýdansyz hüjüminden soň başlanan urşuň ýedinji gününde berlen görkezme Gaza şäheriniň ýaşaýjylaryny günorta tarapa, Gaza zolagynyň has kenarýaka sebitine gaçmaga itekleýär.
Ysraýylyň görkezmesi Hamas söweşijileriniň şäheriň aşagyndaky ýerasty ötüklerde gizlenmegi bilen baglanyşdyrylýar.
Şu aralykda, ABŞ-nyň goranmak sekretary Lloýd Ostin premýer-ministr Benýamin Netanýahu we Ysraýylyň beýleki ýokary derejeli hökümet ýolbaşçylary bilen duşuşmak üçin 13-nji oktýabrda Tel Awiwe geldi.
Ostin bu sebite 12-nji oktýabrda gelen döwlet sekretary Antoni Blinkenden soň iki günüň içinde Ysraýyla sapar eden ikinji ýokary derejeli ABŞ resmisi boldy.
Gazanyň Hamas hökümdarlary ewakuasiýa edilmekçi bolunýan palestinalylary “öýlerine galyp”, Ysraýyla garşy “berk durmaga” çagyrdylar.