Özbegistan Koştepa kanalynyň meseleleri boýunça, Owganystana hökümet delegasiýasyny iberýär
Özbegistanyň hökümet delegasiýasy Owganystanda “Talyban” tarapyndan gurulýan Koştepa kanaly boýunça gepleşikler geçirer.
Bu barada Surhanderýa sebitiniň ýolbaşçysy Ulugbek Kasymow Gazeta.uz neşiriniň habarçysyna beren interwýusynda aýtdy. Bu maglumat 17-nji oktýabrda Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçen Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň (UNWTO) Baş Assambleýasynyň 25-nji mejlisiniň çärelerine gatnaşan häkim tarapyndan yglan edildi.
Kanalyň gurluşygynyň sebite ýetirjek täsiri barada gürrüň edip, Kasymow onuň Özbegistanyň deňinden däl-de, Täjigistanyň serhediniň golaýynda gurulýandygyny belläp, ýöne onuň ähli ýurtlara deň derejede täsir etjekdigini aýtdy.
Şeýle hem welaýatyň baştutany prezidentiň adyndan ýagdaýy öwrenmek üçin, hökümet delegasiýasynyň döredilýändigini aýtdy we onda özüniň hem Owganystana gitjekdigini bildirdi.
«Eger biz gitsek, bu meseläni [suwuň bölünmegini] hökman orta atarys. Häzir bu saparyň haçan geçiriljekdigi baradaky meselä seredilýär. Olara hat ýollandy, [wizit] bir ýarym aýdan bolsa gerek» diýip, ol aýtdy.
Koştepa kanaly Balh welaýatynyň Kaldar etrabyndan başlanyp, Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynda tamamlanýar. Kanalyň uzynlygy 285 km. bolar, giňligi hem 100 metr.
Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugynyň maglumatyna görä, Koştepa kanalyny gurmak işiniň taslamasy geçen asyryň 70-nji ýyllarynda taýýarlanypdyr. Ol döwründe ýurda Owganystan Respublikasynyň ilkinji prezidenti bolan Muhammet Dawud Han ýolbaşçylyk edýärdi. Soňra 2018-nji ýylda, häkimiýete Aşraf Ganiniň hökümeti ýolbaşçylyk eden wagtynda, bu proýekte üýtgeşmeler girizilipdi. “Talyban” hökümete gelende, bu kanalyň gurluşygy üçin, býujetden 100 million dollar bölünip berildi. Kanaly gazmak işlerine bolsa 2022-nji ýylyň martynda başlandy.
Kanalyň gurluşyk işleri 5 ýyl möhleti göz öňünde tutýar. Gurluşyk tamamlanandan soň, Owganystan Amyderýanyň suwunyň azyndan üçden bir bölegini alar. "Talybanyň" hasaplamalaryna görä, kanal Balh, Jöwüzjan we Farýab welaýatlarynda, 500 müň gektara golaý ýeri suw bilen üpjün etmeli.
12-nji oktýabrda Koştepa kanalynyň 2-nji tapgyrynyň gurluşygy başlandy. Kanalynyň 1-nji tapgyrynyň açylyş dabarasynda çykyş eden "Talybanyň" wekilleri sebitdäki ýurtlardan, aýratyn-da Özbegistandan, Koştepa kanalynyň gurluşygy barada alada etmezligi soradylar. Olar Owganystanyň sebitleýin kynçylyklary diplomatik gatnaşyklar arkaly çözmäge taýýardygyny beýan etdiler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.