Diňle: Lebapda, Moskwa hüjüminden soň, howpsuzlyk güýçlendirildi
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi. Polisiýa işgärleriniň birnäçesi munuň Moskwanyň eteginde bolup geçen ýaragly hüjüm bilen baglanyşyklydygyny aýdýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 27-nji martda sebitden maglumat berdi.