Pentagon ABŞ-Meksika serhedine 1500-e çenli harby iberer
Bu ädim, Donald Trampyň prezidentlige girişeninden gysga wagt soň, ýerine ýetiriş buýruklarynda beýan eden immigrasiýa syýasatyny berkitmek baradaky meýilnamalarynyň başlangyjydyr.
ABŞ-nyň goranmak ministri wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Robert Salesses goşun ibermek baradaky buýruklara 22-nji ýanwarda gol çekmelidi. Ýöne serhetlere haýsy bölümleriň ýa-da bölünişikleriň iberiljekdigi we goşun sanynyň üýtgäp biljekdigi entek belli däl.
Şeýle hem olaryň, amerikan harbylarynyň täze we üýtgeşik roly ýerine ýetirmegine getirip biljek, kanun goraýjy organlaryň wezipelerini berjaý etjekdigi ýa-da etmejekdigi hem häzirlikçe belli däl.
Resmiler bu barada, bu bildiriş entek köpçülige mälim edilmändigi sebäpli, atlarynyň aýdylmazlygy şerti bilen çykyş etdiler.
Bu harbylar serhetde eýýäm bar bolan 2500 töweregi milli gwardiýa işgärleriniň hataryna goşular. Häzirki wagtda serhetde ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň güýçleri ýok.