Tramp Hytaý üçin söwda paçlaryny 125% çenli ýokarlandyrdy
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Hytaýdan getirilýän harytlara goýulýan gümrük paçlaryny 104%-den 125%-e çykardy. Ol bu kararyny Hytaýyň “dünýä bazarlaryna hormat goýmazlygy” bilen düşündirdi. Täze paçlar derhal güýje girýär.
“Belli bir wagtda, umyt edýärin, ýakyn wagtda, Hytaý ABŞ-y we beýleki ýurtlary talamagyň indi mümkin däldigine we kabul ederliksizdigine düşüner” diýip, Tramp özüniň Truth Social sosial ulgamynda ýazdy.
Şeýle hem, Tramp 75-den gowrak ýurduň ABŞ bilen söwda şertnamalary boýunça gepleşikleri geçirmek islegini bildirendigini we bu ýurtlaryň Birleşen Ştatlara garşy hiç hili jogap çärelerini görmändigini aýtdy. Şol sebäpli, ol bu ýurtlara goşmaça paçlaryň girizilmegini 90 gün yza süýşürdi. Şol döwürde bu ýurtlardan getirilen harytlara 10% paç ulanylar. Emma haýsy ýurtlaryň bu ýeňilliklerden peýdalanyp biljekdigi anyklaşdyrylmady.
Mundan öň, Hytaý ABŞ-dan import edilýän harytlara goýulýan paçlary 84%-e çenli ýokarlandyrandygyny yglan edipdi. Bu çäre Trampyň Hytaý harytlaryna girizen paçlaryna jogap hökmünde kabul edildi. Hytaýyň Söwda ministrligi ABŞ-nyň tarif syýasatyny, özüniň pikiriçe, “esassyz” diýip atlandyrdy we Bütindünýä Söwda Guramasyna şikaýat etdi.
Ýewropa Bileleşigi hem ABŞ-nyň täze paçlaryna jogap hökmünde 15-nji aprelden başlap, Birleşen Ştatlardan getirilen soýa, motosiklet we kosmetika ýaly harytlara 25% paç girizjekdigini mälim etdi. Bu çäreler ÝB-niň 26 agza ýurdy tarapyndan goldanyldy, diňe Wengriýa garşy çykdy.