Farapda Internetiň tizliginiň pese gaçmagy studentleriň onlaýn sapaklaryny bökdeýär
Lebap welaýatynyň Farap etrabynda Internetiň tizligi çäklendirilip, ondan peýdalanmak barha kynlaşýar. Bu ýagdaý koronawirus pandemiýasy sebäpli daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlaryndaky okuwlaryny onlaýn görnüşinde dowam etdirýän türkmen studentleri üçin dürli kynçylyklary döredýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 16-njy noýabrda Lebapdan habar berdi. "1-nji noýabrdan bäri Farapda mobil aragatnaşyk operatory TmCell tarapyndan we "Türkmentelekomyň" öý telefonlarynyň üsti bilen hödürlenýän Internet haýal işleýär. Читать дальше...