Ukrain prezidenti rus güýçleriniň Mariupol gabawynda uruş jenaýatlaryna baş goşandygyny aýdýar
Rus goşuny Ukrainanyň gabaw astyndaky Mariupol port şäherinde 400 adama gaçybatalga beren sungat mekdebini bombalady diýip, ýerli häkimiýetler aýdýar. Resmiler 20-nji martda Telegram arkaly habar berip, mekdebiň ýumrulandygyny we adamlaryň harabalygyň aşagynda galan bolmagynyň mümkindigini aýtdy. Adam ýitgisi barada dessin maglumat berilmedi. Ukrainanyň prezidenti Mariupolyň gabawynyň “rus goşunlarynyň eden uruş jenaýatlary bilen” taryha girjekdigini aýtdy. “Asuda şähere edilen bu iş – basybalyjylaryň eden işi ... Читать дальше...