Günbatar liderleri Ukraina urşy boýunça sammit geçirýär, Zelenski NATO-dan has köp kömek soraýar
Brýusselde NATO-nyň adatdan daşary duşuşygy geçirilýär. Bu günbatar liderleriniň Ukrainada gazaply söweşleriň dowam edýän wagtynda, 24-nji martda Russiýanyň Ukraina garşy başlan esassyz çozuşyny duruzmak tagallalaryny kesgitlemek üçin geçirýän nobatdan daşary üç sammitiniň ilkinjisi bolup durýar. Sammite Birleşen Ştatlaryň prezidenti Jo Baýden hem gatnaşýar. Ol NATO-nyň, ÝB-niň we Ýediler toparynyň sammitlerine gatnaşanyndan soň, Ukrainadan gaçan bosgunlaryň iň köp bölegini kabul eden Polşa sapar eder. Читать дальше...