Bägüliň ölümine kim günäkär? 6 ýyl öň öz janyna kast eden gyzyň hossarlary adalaty gazanyp bilmeýär
Türkmenistanda aýal-gyzlara garşy ulanylýan zorlugyň we äsgermezligiň nobatdaky pidasy bolan 21 ýaşly Bägüliň ölümi, ençeme ýylyň geçendigine garamazdan, şindi hem açyk we doly derňelmeýär. Ol Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň “Berkarar” obasynda ýaşaýardy. 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda öz janyna kast eden gyzyň garyndaşlary Azatlygyň habarçysyna bu işiň doly derňelmegi, ony özüni öldürmäge mejbur eden adamlaryň jogapkärçilige çekilmegi üçin alty ýyllap eden tagallalarynyň hiç bir netije bermändigini gürrüň berdiler. Читать дальше...