BMG-niň başlygy suw joşmalaryndan ejir çeken Pakistana “köpçülikleýin” maliýe ýardamynyň zerurdygyny nygtady
Birleşen Milletler Guramasynyň başlygy Antonio Guterriş Pakistanyň weýrançylykly we betbagtçylykly suw joşmalaryndan iň agyr çeken günorta-gündogar Sindh welaýatyna sapar edip, halkara jemgyýetçiligini Pakistana “köpçülikleýin”maliýe we gumanitar ýardamlaryny ibermäge çagyrdy.
Guterriş bilen bilelikde sebite sapar eden pakistan premýer-ministri Şehbaz Şarifiň edarasy tarapyndan ýaýradylan wideoýazga görä, Guterriş Sindhe baryp düşenden soň “şeýle agyr betbagtçylygy görüp, täsirlenmezlik kyn” diýdi.
“Pakistana köpçülikleýin maliýe goldawy zerur” diýip, Guterriş aýtdy. “Bu jomartlyk meselesi däl, bu adalat meselesi” diýip, ol aýtdy.
Soňra Guterriş suw joşmalaryndan agyr ejir çeken beýleki bir sebite, günorta-gündogar Bulujystan welaýatyna baryp gördi.
BMG-niň baş sekretarynyň Pakistana amala aşyrýan iki günlük saparynyň birinji güni, 9-njy sentýabrda Guterriş Pakistan adamzadyň “tebigat bilen urşunyň” pidasy boldy we beýleki ýurtlaryň howanyň üýtgemegindäki esasy jogapkärçiliginiň zarbasyna sezewar boldy diýdi.
Iki aý bäri ýagýan musson ýagyşlary zerarly dörän suw joşmalary azyndan 1391 adamyň janyny aldy we 33 million adama täsir etdi.
Guterriş Pakistanyň dikeldiş üçin çak bilen 30 milliard dollara mätäçdigini aýtdy.
Geçen hepde BMG betbagtçylyga dessin ýardamy maliýeleşdirmek maksady bilen 161 million dollar toplamak üçin adatdan daşary ýagdaýlar boýunça global ýüztutma badalga berdi.