Aktiwistler: Siriýanyň gündogaryna edilen howa zarbalarynda 18 söweşiji öldi
Siriýanyň gündogarynda Eýran tarapyndan goldanylýan güýçleriň we ýaran söweşijileriň ýerleşýän ýerine edilen howa zarbalarynda 18 sany söweşiji öldi diýip, urşa gözegçilik edýän topar aýdýar.
Düýbi Britaniýada ýerleşýän Siriýanyň Adam hukuklary obserwatoriýasynyň 9-njy sentýabrda beren maglumatyna görä, gijäň ýary Siriýanyň Yrak bilen serhediniň golaýyndaky Al-Bukamal regionynda nämälim söweş uçarlary tarapyndan reýdler amala aşyryldy.
Obserwatoriýa howa zarbalarynda postlaryň, harby ulaglaryň we ýarag ammarlarynyň nyşana alnandygyny we munuň netijesinde köp zyýan ýetendigini hem belledi.
Howa zarbalarynda ölenleriň sany artjak ýaly bolup görünýär diýip, topar aýtdy.
Siriýanyň gündogarynda ýerleşýän “Ses we suratlar” atly ýerli aktiwist jemgyýeti hem howa zarbalary barada habar berip, onda Yragyň Halk mobilizasiýa güýçleriniň ýarag ammarynyň nyşana alnandygyny mälim etdi.