Nawalnynyň ýagdaýy gowulaşdy, 32 günlük bejergiden soň, german keselhanasyndan goýberildi
Geçen aý Sibirde içerki uçar gatnawynda keselländen soň, Berline äkidilen Kreml tankytçysy Alekseý Nawalny bejergi alan german keselhanasyndan goýberildi.
German häkimiýetleri Fransiýada, Şwesiýada we Germaniýada geçirilen saglyk barlaglarynyň Nawalnynyň “Nowiçok” nerw agenti bilen zäherlenendigini anyklandygyny aýtdy. Günbatar Russiýadan düşündiriş sorady, ýöne Moskwa şu wagta çenli heniz jenaýat subutnamalaryny görmändigini aýdyp, derňew işini açmakdan ýüz öwürdi.
“Näsagyň ýagdaýy ony keselhanadan goýbermek üçin ýeterlik derejede gowulaşdy” diýip, Çarite hassahanasy 23-nji sentýabrda beren beýanatynda aýtdy.
“Näsagyň häzirki ýagdaýyna we ösüşine esaslanyp, ony bejerýän lukmanlar doly gowulaşmanyň mümkindigine ynanýar” diýip, beýanat aýdýar.
“Ýöne, zäherlenmäniň uzak möhletli täsirini kesgitlemek üçin entek ir” diýip, beýanat duýdurdy. Nawalny Berlin keselhanasynda 32 gün boldy, onuň 24 gününi hassahananyň agyr bejergi bölüminde geçirdi.