Derňewçiler ABŞ-da bolan partlamanyň sebäbini gözleýärler
ABŞ-nyň Tennessi ştatynyň derňewçileri henizem Roždestwo baýramynda irden Neşwiliň merkezini sarsdyran, bombaçynyň ölümine sebäp bolan we taryhy binalara uly zyýan ýetiren partlamanyň sebäbini gözleýärler.
Derňewçiler bombaçynyň 63 ýaşly Entoni Kuin Warnerdigini (Anthony Quinn Warner) we partlamada ölendigini aýtdylar. Warner partlamany meýilleşdirendigini we özüni öldürmek isleýändigini görkezýän subutnamalary galdyrdy, ýöne onuň aç-açan sebäbi nämälim bolmagynda galýar.
“Jogap alarys diýip umyt edýäris. Käwagt bu mümkin däl” diýip, sülçi Deýwid Rausş (David Rausch) 28-nji dekabrda NBC telekanalyna beren maglumatynda aýtdy.
Warner şu aýyň başynda pensiýa çykmazdan ozal Neşwildäki emläk kompaniýasynda kompýuter geňeşçisi bolup işleýärdi.
Resmiler Warneriň Roždestwodan öň radarlarynda bolmandygyny aýtdylar.
Neşwil polisiýasy tarapyndan ýaýradylan polisiýa kamerasynyň wideosy partlama we ondan soňky pursatlar barada has köp maglumat berdi. Onda ofiserleriň bombany saklaýan ulagyň öňünden geçip barýan we partlamadan soňra-da adamlaryň ewakuasiýa edilmegine kömek edýän pursatlary görkezilýär.
Häkimiýetler Warneriň ýeke özüniň hereket edendigine ynanýandyklaryny aýtdylar.
Partlamada üç adam ýaralandy.