Baýden global sanjym paýlaşmak planyny mälim etdi
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Waşingtonyň ulanylmadyk COVID-19 sanjymlarynyň 75%-ni Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan goldanýan COVAX global sanjym paýlaşmak programmasyna peşgeş berjekdigini yglan etdi.
Ak tam öň iýun aýynyň aýagyna çenli 80 million sanjym dozasyny dünýä bilen paýlaşjakdygyny aýtdy.
Administrasiýa 3-nji iýunda dozalaryň 25%-niň ätiýaçlykda, adatdan daşary ýagdaýlar we ABŞ-nyň ýaranlary bilen göni paýlaşmak üçin saklanjakdygyny aýtdy.
"Biz bu dozalary artykmaçlyk ýa-da ýeňillik gazanmak üçin paýlaşmaýarys" diýip, Baýdeniň beýanatynda aýdylýar.
"Bu sanjymlary adamlary halas etmek we, öz güýjümizi we gymmatlyklarymyzy ulanyp, pandemiýany ýok etmekde dünýä öňbaşçylyk etmek üçin paýlaşýarys" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Ak tam ilkinji 25 million dozanyň 19 million çemesiniň COVAX-a gitjekdigini aýtdy. Bu Günorta we Merkezi Amerika üçin takmynan 6 million, Aziýa üçin 7 million we Afrika üçin 5 million çemesi sanjymy öz içine alýar.