Agdarylyşyk ýolbaşçylaryna edilýän basyş güýçlenýär, Sudan harbylary tutda-baslygy güýçlendirýär
Sudanyň howpsuzlyk güýçleriniň harby agdarylyşykdan soň köp protestçini tussag etmegi bilen, halkara jemgyýetçiligi gaýtawul çärelerini güýçlendirdi.
AFP habar gullugynyň habaryna görä, ýüzlerçe demonstrant Hartumyň gündogar etrabynda köçe barrikadalaryny sökýän howpsuzlyk güýçlerini daşlady.
Howpsuzlyk işgärleri paýtagtyň demirgazygyndaky onlarça protestçä garşy göz ýaşardyjy gaz we rezin ok ulandy. Agdarylan hökümete ygrarly bolup galan Maglumat ministrligi howpsuzlyk güýçleriniň paýtagtdaky gözegçiligini güýçlendirýändigini aýtdy.
Sudanyň howpsuzlyk güýçleri demokratiýa tarapdar üç sany tanymal şahsyýeti tussag etdi diýip, olaryň garyndaşlary we beýleki aktiwistler 27-nji oktýabrda aýtdy.
Berilýän habarlara görä, goşun ýolbaşçylygy alty ilçini wezipesinden boşatdy.
Ýurduň Ýewropa Bileleşigindäki, ABŞ-daky, Hytaýdaky, Fransiýadaky we Katardaky ilçileri, Sudanyň Ženewadaky missiýasynyň başlygy wezipelerinden boşadyldy diýip, Sudanyň döwlet telewideniýesi habar berdi.
Bu çäreler ýurduň harby güýçlerine görkezilýän halkara basyşynyň artdyrylýan wagtynda görüldi.
Bütindünýä banky berilýän kömegi doňdursa, Afrika Bileleşigi döwlet agdarylyşygyny "konstitusiýa garşy" diýip atlandyrdy we 25-nji oktýabrdaky döwlet agdarylyşygy sebäpli Sudandaky işjeňligini togtatdy.