Lebabyň hassahanalarynda näsaglara berilmeli dermanlar "aşakdan üçünji şahslara satylýar"
Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary Türkmenabat şäherindäki käbir hassahanalarda medisina işgärleriniň arasynda "ýola goýlan özara peýdaly, bikanun hyzmatdaşlyk" barada habar berýärler. Saglyk bejergisini almak üçin hassahana ýerleşdirilen näsaglar dermanlary we medisina serişdelerini öz çykdajylarynyň hasabyna satyn almaly bolýandyklaryny aýdýarlar. Şol bir wagtda, hassahanalaryň näsaglara berýän resminamalarynda, syrkawlaryň öz sözi bilen aýtsak, bu dermanlaryň we medisina serişdeleriniň hassahana tarapyndan üpjün edilendigi ýazylýar. Читать дальше...