Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Türkmenistan pul geçirmeleriň gümürtikliginden näme gazanýar we näme ýitirýär?

Türkmenistan pul geçirmeleriň gümürtikliginden näme gazanýar we näme ýitirýär?

Türkmenistanyň raýatlary daşary ýurtlarda işläp ýurduna näçe pul ugradýar? Bu türkmen döwletiniň ykdysadyýetine we raýatlaryna nähili täsir edýär? Pul ibermegiň nähilli ýollary we problemalary bar? Bu sowallara Türkmenistanyň resmilerinden jogap ýok. Galyberse-de, türkmen hökümeti zähmet migrasiýasy we pul ibermek meselesi düýbünden ýok ýaly alyp barýar. Bu aralykda Türkmenistana degişli ujypsyz resmi sanlar we dünýädäki ykdysady prosesler esasynda çykaryan analitiki netijeler türkmen migrantlarynyň öýüne ýylda milliardlarça dollar möçberde pul ugradyp bilýändigini görkezýär.

"Progres" atly analitiki portal Türkmenistanda "Western Union" ýaly pul geçiriş hyzmatlary gadagançylyksyz we bökdençsiz işlänlerinde, türkmenistanly migrantlaryň ýylda ortaça 4,372-4,692 milliard USD pul ugradyp biljekdigini çaklaýar.

BMG, Dünýä Banky ýaly abraýly halkara gurluşlarynyň we hökümetleriň resmi hasabatlarynyň esasynda Türkmenistan barada maglumat çap edýän non-profit, ýagny girdejisiz guramanyň öňe sürýän hasaplary Türkmenistandaky migrantlaryň 1.6 million diýlip görkezilen sanyna esaslanýar. Bu san BMG-nyň 1990-2017 arasynda 1.6 million türkmenistanlynyň daşary ýurda emigrasiýa çykandygy baradaky maglumatynda görkezilýär.

"Progresiň" maglumatynda, türkmen migrantlarynyň ýurduna iberip biljek pulunyň mukdaryny hasaplamak üçin beýleki ýurtlar bilen deňeşdirme geçirilýär, ýagny Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň statistiki sanlaryna salgylanyp çaklanýar.

Daşary ýurtda ýaşaýan gyrgyzystanly migrantlaryň sany 650-750 müň arasynda bolup, ýylda öýüne ugradýan puluň mukdary 2.2 milliard dollara barabar (adam başyna 2933$-3384$). Täjigistanly migrantlaryň sany 800 müň, bolup olar her ýyl ýurduna 2.187 milliard dollar möçberde pul ugradýarlar (adam başyna 2733$) diýlip maglumatda bellenýär we daşary ýurtlara emigrasiýa çykan 1.6 million türkmenistanlynyň öýüne ýylda ortaça 4.372-4.692 milliard dollar möçberde pul ugratmaga mümkinçiliginiň bardygy çak edilýär. 

Türkmen hökümetiniň çap edýän resmi sanlary örän çäkli. Ýurduň ilat sany, daşary ýurtlara giden raýatlaryň we raýatlaryň girdejilerine we çykadajylaryna degişli sanlar resmi taýdan çap edilmeýär. Daşary ýurtda ýaşaýan we işleýän türkmenistanly migrantlaryň öýüne ugradýan pullarynyň mukdary hakynda hem resmi çeşmelerde anyk maglumat berilmeýär.

Türkmen hökümetinden syzyp çykan we Azatlyk Radiosyna elýeterli bolan maglumatlara görä, 2019-njy ýylyň başyna çenli 10 ýylyň dowamynda Türkmenistandan 1,9 million töweregi adam çykyp gaýdypdyr. Şeýle-de, şu ýylyň iýulynda Türkmenistanyň ilatynyň sanynyň 2,7-2,8 million adama golaýdygy mälim boldy.

Resmi statistikanyň ýurtdaky prosesleri takyk analiz etmäge mümkinçilik bermeýär. Şeýle-de bolsa elýeterli sanlar we dünýädäki prosesler esasynda çykarylan netijeler Türkmenistanyň pul geçirmelerine girizýän gadagançylyklarynyň döwlet býujetiniň iş migrasiýasyndan gelýän esli puldan mahrum bolýandygyny görkezýär.

"Western Uninon" Türkmenistanda 2018-nji ýylda “MoneyGram” öz işini bes edensoň ýeke-täk halkara pul geçiriş gullugy bolmagynda galýar. Emma onuň işi hem örän çäklendirilen şertlerde alnyp barylýar, ýurduň daşyna ugradylýan puluň möçberi ujypsyzlygyna galýar, ýurduň daşyndan içine puly tas ugradyp bolmaýar.

Bu şertlerde daşary ýurtlarda işleýän türkmenistanlylar öýlerine hojalyklaryna pul ibermekde dürli kynçylyklara sezewar bolýarlar. Azatlygyň Türkmenistanyň içindäki we daşyndaky çeşmelerine görä, migrantlar her aýda ortaça 100-300 dollar aralygynda pul ugradýarlar, düýpden pul ugratmaýan aýlary hem bolýar. Adatça birnäçe adam jemlenip bir çeşmäniň üsti bilen Türkmenistana iberjek puluny berip goýberýär.

Hususan-da, Türkiýeden Türkmenistana pul ugratmak üçin ýurda barýan adamyň ýa-da Türkmenistan bilen işleşýän kärhanalaryň hyzmatyndan peýdalanylýar. Daşary ýurtlarda zähmet çekýän türkmen migrantlarynyň berýän gürrüňlerine görä, agyr zähmet bilen gazanylan puly Türkmenistana ibermekde dürli töwekgelçilikler döreýär, hatda pul barmaly ýerine gowuşmaýar.

Azatlyga öz ýagdaýyny gürrüň berenleriň biri 2017- nji ýylda Turkiýa uly kynçylyklar we çykdajylar bilen barypdyr. Ol işlemäge gitmek üçin köne münip ýören ulagyny satyp, iki gezek ýurduň daşyna goýberilmän biletlerini köýdürip, diňe üçinji gezek çykmagy başarypdyr. Soňra Türkiýede özünden öň ýerleşen tanyşlarynyň ýanyna işe ýerleşip, işläp başlansoň diňe üç aýdan öýüne pul iberip başlapdyr.

Adynyň agzamalmagyny islemedik migrant pul ibermek usullary barada gürrüň berdi: "Pul ugradylanda bir öýde 5-6 adam bolup ýaşaýan adam pullaryny jemläp bile ugradýarlar. Ugradylan pul Türkmenistanda bir adamyñ eline gelýär, ol pul bile ýaşap we işläp ýören adamlaryň hosarlaryna berilýär, ol hem beýlekileriň öýlerine baryp 'ine siziň adamyňyz 200 ýada 300 dollar iberdi' diýip puly eltip berýär. Her hojalykdan puly eltip berenleri üçin goşmaça pul alynýar".

Azatlygyň söhbetdeşleri käbir halatlarda ugradylan puluň barmaýandygyny gürrüň berýärler.

"Soñky aýlarda ýoldaşymyñ pul ibermesi kesildi mende telefon bolmansoñ men gaýgy edip başladym jany sagmyka diýip. Men aýda bir-iki sapar goňşymyň telefonunda Imo mesenjeri arkaly gürleşýädim men jañ aýlap saglygyny soradym. Ol saglyk galmady, zordan derman atyp agyrlarymy aýyryp işläp ýörin diýdi we hol gün pul ugratdym aldyňyzmy diýip sorady. Men bize pul getiren ýok diýdim. Soň belli bolşuna görä, meniñ ýoldaşymyň iberen puly ýolda eken bizi iki hepdeden alarsyňyz diyip, ynandyrdylar. Emma käbir halatlarda iberilen pullar ýolda ýitirim bolýar. Arada durýan adamlaryň ýitirim bolup, köp adamlaryn daban azaby bilen gazanan zähmet hakyny ýok edýärler. Telefonlary öçürýärler we özleri ýitirim bolýarlar. Käwagt puly getirip berýän adamlarpuly bermän, paýladym diýýär" diýip, Azatlygyň ýene bir söhbetdeşi gürrüň berdi.

Daşary ýurtda zähmet çekip, ýurduna pul ugradýanlaryň sözlerine görä, pul ibermekdäki gaplyklar soňky aýlarda hasam köpelipdir.

"Puly alyp, bize pul gelmedi diýänlerem bar, men pul berdim diýänlerem bar. Pul şol arada yitirim bolyar. Arada ýitýän pullara hiç kim jogapkärçilik çekmeýär" diýip, çeşme aýdýar.

Türkmen migrantlarynyň Türkmenistana pul ibermekdäki kynçylyklary onuň ýurda gowuşmagy bilen çäklenmeýär. Ýurtda dollary manada çalyşmak meselesi hem bar. Türkmenistanda goşa walýuta kursy saklanýar. Merkezi Bankyň 6 ýyl bäri 3,5 manada 1 amerikan dollary möçberinde saklaýan resmi kursy boýunça walýutany satyn almak ilat köpçüligine elýeterli däl, resmi kurs boýunça walýutany satmak bolsa bähbitli däl, sebäbi gara bazaryň kursy resmi kursdan 7-8 esse tapawutlanýar.

Tükmenistanyň walýutanyň konwertasiýasyna degişli syýasaty, şol sanda walýutanyň çalyşyk kursuny emeli saklamagy we nagt konwertasiýana resmi gadagançylygy pul çalyşyk prosesini çylyrymlaşdyrýar we "Western Union" ýaly pul geçiriş hyzmatlaryndan dünýädäki dügünler esasynda peýdalanmaga mümkinçilik bermeýär.

Türkmenistanyň hökümeti pul çalyşmak we pul ugratmak boýunça ýöredýän maliýe syýasatynyň, şol sanda ýurduň içinden we daşyndan pul ugratmak mümkinçilikleriniň azaldylmagynyň sebäplerine resmi düşündiriş bermeýär. Emma şol bir wagtda-da, göz öňünde ilata berilen käbir ýeňillikleri yzygiderli ýatyrýar. Soňky ýyllarda bankdan resmi konwertasiýa edip bolýan ýa-da öz hasabyňdan alyp bolýan daşary ýurt walýutasynyň möçberine, şeýle-de “Western Union” arkaly daşary ýurda ugradyp bolýan puluň möçberi, import bilen meşgullanýan telekeçileriň Merkezi bank arkaly manady dollara öwürmek mümkinçiligi esli çäklendirildi ýa-da doly ýatyryldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

Читайте на 123ru.net

Другие проекты от 123ru.net



Архангельск

Общее дело: в новом сезоне волонтеры продолжат работу по сохранению объектов культурного наследия в Архангельской области



Мода

Петербургский «Пушкинский бал»




Українські новини

Estischool - Школа за британською програмою



Новости 24 часа

Шапки женские на Wildberries — скидки от 398 руб. (на новые оттенки)



Game News

Sea War: Raid 1.131.0



Москва

Актер Павел Прилучный подал в суд на Муцениеце из-за прав их детей



News Every Day

UFC plans to be ‘flexible’ in next broadcast rights deal, including potential end to traditional PPV



Интернет

Цифра дня: сколько диагнозов поставил ИИ-помощник для врачей от Сбера



Москва

Массовое ДТП произошло на юго-востоке Москвы



Кажетта Ахметжанова

Мистический Тибет: путеводитель по местам силы от Кажетты Ахметжановой



Москва

Петербург попал в топ-3 регионов России по качеству жизни



Елена Рыбакина

Рыбакина узнала свое место в новом мировом рейтинге



Москва

Врач дерматолог-косметолог Мадина Байрамукова: в чем отличие химических фильтров от физических



PR time

Один из лучших джазовых вечеров в Петербурге и Москве -  «Jazz под Небом»



Симферополь

Массовая драка произошла на одной из улиц Симферополя



Москва

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о компенсации части затрат на путевки в оздоровительные лагеря в рамках нацпроекта «Семья»



Москва

Собянин исключил запрет для самокатчиков ездить по тротуарам в Москве



Москва

Воскресшего Иисуса могут дополнительно установить в церквях, вместо черепа.



103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России





Топ 10 новостей последнего часа




Новости России

Воскресшего Иисуса могут дополнительно установить в церквях, вместо черепа.

Устаревшим лифтам продлят срок службы, несмотря на износ

Шапки женские на Wildberries — скидки от 398 руб. (на новые оттенки)

Песков: контакты с США по обмену заключенных должны быть засекречены


Москва

Санкт-Петербург не смог обойти Москву в рейтинге жизни населения






Rss.plus

В РМАТ ПРОШЕЛ I БИЗНЕС-ФОРУМ ВЫПУСКНИКОВ РМАТ 1999-2023 ГОДА ВЫПУСКА, ПОСВЯЩЕННЫЙ 55-ЛЕТНЕМУ ЮБИЛЕЮ АКАДЕМИИ

Шапки женские на Wildberries — скидки от 398 руб. (на новые оттенки)

"Возрождение интереса к народному искусству и ремеслам в современном мире"

Новые вызовы и обеспечение технологического суверенитета квалифицированными кадрами обсудили в Москве

Moscow.media
Москва

Собянин: в ТиНАО будет построено 10 детских садов и 11 поликлиник



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Юрий Лоза

«Считают каждую копейку»: Юрий Лоза рассказал о трудностях Максима Галкина* и Аллы Пугачевой в Израиле




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

В Нижнем Тагиле прошел десятый благотворительный забег ЕВРАЗа и городской спортивный праздник «Дай пять!»

Чья компания сильнее всех?

Две бронзы выиграли забайкалки на международных соревнованиях по киокусинкай «Moscow Cup 2024»


Екатерина Александрова

Екатерина Александрова уступила Линетт во втором круге турнира в Страсбурге



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Петербург попал в топ-3 регионов России по качеству жизни



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России