Prezident karar etdi: Türk kompaniýasy onuň atasynyň adyny göterýän mekdebiň binasyny gurar
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 24-nji dekabrda atasy Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän harby mekdebiň binasynyň gurluşygy baradaky karara gol çekdi.
TDH-nyň maglumatyna görä, ýurduň Goranmak ministrligine Aşgabatdaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiň 700 orunlyk binalar toplumynyň taslamasyny düzmek we gurmak barada “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Tiсaret A.Ş.” türk kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Mekdebiň gurluşyk işleri 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda başlanyp, binalar toplumyny 2024-nji ýylyň awgust aýynda ulanmaga doly taýýar etmek nazarda tutulýar.
Bu karar okuwçylar üçin häzirki zaman tehnologiýalaryna laýyk gelýän okuw şertlerini döretmek we Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen düşündirilýär.
Täze mekdebiň döwlet gaznasyna näçe serişdä düşjekdigi aýdylmaýar.