Zelenski Ukraina ÝB agzalygynyň gyssagly berilmegine çagyrýar
Goňşy Russiýanyň esassyz çozuşyna sezewar bolan Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Ýewropa Bileleşigini haýal etmän, ýörite prosedura laýyklykda, Ukraina agzalyk bermäge çagyrdy.
"Biziň maksadymyz ähli ýewropaly bilen bile, iň möhümi bolsa, deň bolmak. Men munuň adalatlydygyna ynanýaryn. Men biziň muňa mynasypdygymyza ynanýaryn" diýip, ol sosial mediada paýlaşylan wideo ýüzlenmesinde aýtdy.
"Ýewropalylar biziň esgerlerimiziň diňe bir biziň ýurdumyz üçin däl, eýsem tutuş Ýewropa, parahatçylyk, hemmeleriň parahatçylygy üçin, Ýewropa Bileleşiginiň ähli ýurtlary üçin nähili söweşýändiklerine şaýat bolýarlar" diýip, Zelenzki aýtdy.
"Ukrainalylar dünýä biziň kimdigimizi görkezen bolsa, Russiýa özüniň nämä öwrülendigini görkezdi... Her bir jenaýat, basyp alyjy tarapyndan atylan her bir top oky bizi has beter birleşdirýär" diýip, Zelenski aýtdy.
Zelenski 28-nji fewralda çap eden täze ýüzlenmesinde ýurdy basyp almaga gelen rus esgerlerinini ýaraglaryny taşlamaga çagyrdy.
"Eliňizdäki enjamlaryňyzy taşlaň-da, bu ýerden çykyň. Öz serkerdeleriňize ynanmaň. Wagyzçylaryňyza ynanmaň. Diňe başyňyzy gutaryň" diýip, Zelenski öz ýüzlenmesinde aýtdy we Kremliň başlan hüjüminde eýýäm 4500-den gowrak rus esgeriniň heläk bolandygyny belledi.