Demirgazyk Koreýa Ýaponiýanyň üstünden ballistik raketa atdy
Demirgazyk Koreýa 4-nji oktýabrda, bäş ýylda ilkinji gezek, Ýaponiýanyň üstünden ballistik raketa atdy, ABŞ bu ýagdaýy "geleňsizlik we howply" diýip atlandyrdy.
Phenýanyň 10 gün içinde atan bäşinji raketasy Ýaponiýanyň raketa duýduryş ulgamyny işjeňleşdirmegine we ilatyň gaçybatalgalara girmegi barada beren seýrek duýduryşyna sebäp boldy.
Demirgazyk Koreýa Ýaponiýanyň üstünden soňky gezek 2017-nji ýylda, “gahar we gazap” döwründe, stalinçi döwletiň lideri Kim Çen Un ABŞ-nyň şol wagtky prezidenti Donald Tramp bilen kejeleşip, bir-birine kemsidiji sözleri aýdanda raketa atypdy.
Günorta Koreýa orta aralyga ýetýän ballistik raketanyň (IRBM) 4500 kilometre golaý aralygy geçendigini aýtdy, bu Demirgazyk Koreýanyň synaglarynda täze aralyk rekordy bolýar.
Günorta Koreýanyň prezidenti Ýun Suk-ýeol bu ýagdaýy BMG-niň düzgünleriniň bozulmagy we “prowokasiýa” hökmünde häsiýetlendirdi. Prezident edarasynyň çap eden beýanatynda bu herekete "berk jogap" beriljekdigi aýdyldy.
Ýaponiýanyň premýer-ministri Fumio Kişida bu hereketi "zorluk hereketi" diýip häsiýetlendirse, Ýewropa Bileleşiginiň başlygy Çarlz Mişel bu ädimiň "esassyz agressiýa" bolandygyny aýtdy.
ABŞ-nyň Döwlet departamenti "geleňsiz we howply raketa atyşygynyň" ýapon halky üçin kabul edip bolmajak howpdugyny aýtdy.