Özbegistan 17,4 müň döwlet gullukçysyny işden boşadýar
Özbegistanda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işgärleriniň umumy sany 56,573 adamdan geçmeli däl diýip, “Gazeta.uz” ýurduň prezidentiniň 25-nji ýanwarda gol çeken kararyna salgylanyp habar berýär.
"Özbegistan Respublikasynyň ýerine ýetiriji häkimiýetleriniň işini netijeli utgaşdyrmak üçin ilkinji nobatda görülmeli guramaçylyk çäreleri baradaky" karara laýyklykda, ministrliklerde we pudak edaralarynda 17,447 sany dolandyryş we önümçilik işgäriniň iş orny (24%) azaldylýar. Ministrlikleriň we pudaklaryň başlyklarynyň orunbasarlarynyň sany 207-den 144-e çenli, ýagny 30% azaldylar.
703 awtoulagyň we 10 binanyň boşadylmagy, iş orunlarynyň kemeldilmegi netijesinde 1,5 trln sum (133 mln dollar), gulluk awtoulaglarynyň azaldylmagy netijesinde 70 milliard sum (6,2 million dollar) möçberinde býujet serişdesi tygşytlanar.
Özbegistandaky dolandyryş özgertmeleri dekabr aýynyň aýagynda başlandy. Hökümet başlygynyň orunbasarlarynyň sany sekizden dörde çenli azaldyldy we olara şol bir wagtyň özünde ministriň ýa-da beýleki bir ýolbaşçynyň wezipesini eýelemek gadagan edildi. Ministrlikleriň käbiri ýatyryldy ýa-da birikdirildi.