Filippin häkimiýetleri adam gaçakçylygynyň 1000 pidasynyň halas edilendigini aýdýar
Pidalar Hytaý, Wýetnam, Singapur we Malaýziýa ýaly ýurtlaryň raýatlary bolup, olar sosial ulgamlarda oýnalýan “onlaýn oýunlarynyň kömekçilerniň” mahabaty arkaly aldawa salnyp, ýurda getirilipdir.
Maý aýynda hem 1000 adam halas edildi. Olar aldawa salnyp, ýesirlikde saklanypdyr we onlaýn kezzapçylygy bilen meşgullanmaga mejbur edilipdir.