Добавить новость
World News in Turkmen



Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Aşgabatly alyjy çöregi bikanun satan dükan satyjysy bilen ýakalaşdy

Aşgabatda ilata ýeňillikli bahadan satylýan çöregi satyn almaga baran alyjy bilen döwlet dükanynyň satyjysynyň arasynda ýakalaşyk boldy. Muňa satyjynyň köp mukdardaky çöregi diňe bir alyja satmagy we çöregiň nobata duran ýaşaýjylara ýetmezligi sebäp boldy.


Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysynyň we çeşmeleriniň maglumatyna görä, waka geçen şenbe güni, 24-nji iýunda “Desse” atly 14-nji dükanda daňdan sagat 5:40 töwereginde boldy. Dükan satyjysy 40 sany çöregi gymmatbahadan, ýagny her birini 1 manat 50 teňňeden bir adama satdy.


Bellesek, Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda her gün irden bir sagat çemesi wagtyň dowamynda ilata her biri 1 manat bahalanýan çörekden günde diňe üç sanysyny satyn alyp bilýär.


Waka bolanda çörek nobatyndaky 30 çemesi adam “çörek bize-de ýeter” diýen umyt bilen, satyjynyň köp mukdardaky çöregi diňe bir alyja satmagyna "seslerini çykarmadylar". Emma...


“Bir salymdan soň, satyjy çörek gutardy diýip, dükanyň gapysyny ýapmakçy boldy. Şonda 22-25 ýaşlaryndaky bir oglan satyja ‘bolmanda bir agama haltasy bilen çörek goýberseň, galan adamlar näme iýmeli. Isläniňe isläniňçe berer ýaly, ol ataňdan galan mal däl ahyryn’ diýip, öz nägileligini beýan etdi” diýip, waka şaýat bolan aşgabatly ýaşaýjy 27-nji iýunda aýtdy.




Şondan soňra erkek satyjy oglana ‘arzyň bar bolsa, bar, islendik ýere şikaýat ediber’ diýip jogap berýär. Bu jogap alyjy oglany has-da gahar-gazaba mündirýär. Oglan “arz etmäge zerurlygyň ýokdugyny” aýdýar we “wakany bolan ýerinde çözeris” diýýär.


“Alyjy oglan satyjynyň ýakasyndan tutup, beýleki eli bilen, satyjynyň ýüzüne iki sapar ýumrugy urdy. Nobatda duran zenanlar oglany parasatly bolmaga çagyrdylar, 'çörek üçin uruş gerek däl' diýip köşeşdirdiler. Onuň ýanynda duran adamlar bolsa, aralap, urşuň dowam etmeginiň öňüni aldylar” diýip, waka şaýat bolan ýaşaýjy aýtdy.


Azatlygyň çeşmeleriniň maglumatyna görä, şol pursat wakanyň bolan ýerine polisiýa çagyrylmady. Ýöne dükanyň wideo gözegçilik kameralary gözden geçirilse, onda wakanyň polisiýa ýazmagy we oglanyň polisiýa müdirligine çagyrylmagy ähtimal.


Azatlygyň bu ýagdaýlar barada agzalýan dükan bilen habarlaşyp, kommentariýa almak synanyşyklary başa barmady.


Ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň, işsizligiň, hyzmatlaryň we harytlaryň gymmatçylygynyň arasynda, köp hojalyk döwlet dükanlarynyň ýeňillikli bahadan satylýan harytlaryna garaşly bolup galýar.




“4-5 manatdan satylýan çöregi günüň dowamynda islendik wagty satyn alyp bolýar. Ýöne güzeran eklenji kynlaşan köp maşgala ýeňillikli bahadan satylýan çörege uly isleg bildirýär” diýip, çeşmämiz belledi.


Paýtagtdaky habarçylarymyz we çeşmelerimiz ýeňillikli bahadan satylýan çöregiň nobata duran adamlaryň ählisine ýetmeýändigi sebäpli dawa-jenjeliň köp bolýandygyny, ýöne bularyň seýrek urşa ýazýandygyny aýdýarlar.


Türkmenistanyň döwlet dükanlarynyň işgärleriniň ilata ýeňillikli bahadan satylmaly harytlary ikinji ýa-da üçünji taraplara, şol sanda hususy söwdagärlere bikanun satýandygy we goşmaça gazanç edýändigi barada Azatlyk mundan ozal hem ençeme gezek habar berdi.


Mundan başga-da, ilat ýeňillikli bahadan satylýan harytlaryň ýany bilen zaýalanan ýa-da ulanyş möhleti geçen azyk önümlerini hem satyn almaga mejbur edilýärler.


Türkmen häkimiýetleri döwlet dükanlarynda wagtal-wagtal barlaglary geçirseler-de, bu nogsanlyklaryň gaýtalanýandygy baradaky maglumatlar, barlaglaryň o diýen oňyn netije bermeýändigine şaýatlyk edýär.


Ýurt resmileri we berk döwlet gözegçiligindäki metbugat serişdeleri bu ýagdaýlar barada aç-açan habar berip, mesele gozgamaýarlar.


Häzir ýurtda galla oragy dowam etdirilýär. Bu ýyl 1 million 400 müň tonna bugdaý hasylyny almak göz öňünde tutulýar. Emma häkimiýetleriň bugdaý planynyň doly ýerine ýetirilendigi hakyndaky ozalky beýanatlaryna garamazdan, ýurtda unuň we çöregiň gytçylygy ýyllar boýy aradan aýrylmaýar.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России